Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň Çempionlar ligasy: Gündogar zolakdaky duşuşyklary kabul etjek döwletler belli boldy

13:4017.02.2022
0
3905

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Aziýanyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň şu ýylky duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşinde geçiriler.

Häzir Günbatar sebitiň duşuşyklarynyň nirelerde geçiriljekdigi belli däl, ýöne AFK-nyň resmi saýty Gündogar sebitdäki toparçalaýyn duşuşyklary kabul etjek döwletler barada maglumat berdi.

Şeýlelikde, «F», «G» we «J» toparçalaryndaky duşuşyklar Tailandda, «H» toparçasyndaky duşuşyklar Wýetnamda, «I» toparçasynyň duşuşyklary bolsa Malaýziýada geçiriler.

Has takygy,

Tailandda boljak duşuşyklar:

«F» toparça: «Şandong Taişan» (Hytaý), «Urawa Reds» (Ýaponiýa), «Lion Siti» (Singapur), pleý-offuň ýeňijisi.

«G» toparça: «Patum Ýunaýted» (Tailand), «Çonnam Dragons» (Koreýa Respublikasy), «Ýunaýted Siti» (Filippinler), «Melburn Siti» (Awstraliýa).

«J» toparça: «Şanhaý Port» (Hytaý), «Çiangraý Ýunaýted» (Tailand), «Kitçi» (Gonkong), pleý-offuň ýeňijisi.

Wýetnamda boljak duşuşyklar:

«H» toparça: «Çonbuk Motors» (Koreýa Respublikasy), «Ýokogama Marinos» (Ýaponiýa), «Hoang An Gia» (Wýetnam), pleý-offuň ýeňijisi.

Malaýziýada boljak duşuşyklar

«I» toparça: «Kawasaki Frontale» (Ýaponiýa), «Guangžou» (Hytaý), «Johor Darul Tazim» (Malaýziýa), pleý-offuň ýeňijisi.

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň Günbatar zolagynda ýurdumyzyň wise-çempiony «Ahalyň» hem ýaryşjakdygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň