Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalarynyň we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň suratkeş mugallymlarynyň «Bagtyýarlyk döwrüniň buýsanja beslenen sungat eserleri» atly şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi geçirildi.
Ençeme ýyllaryň dowamynda ýörite çeperçilik mekdebi türkmen suratkeşleri üçin şekillendiriş sungatyna badalga bolup geldi. Indi bolsa, mekdebiň diňe bir mugallymlary we talyplary däl, eýsem ony dürli ýyllarda üstünlikli tamamlan uçyrymlary öz işlerini sergide görkezdiler.
Sergini Abdylla Mämmetberdiýewiň «Mukam», «Toý», «Çörek» atly ajaýyp üç işi açýar. Abdylla Mämmetberdiýewiň bu üç işi – durmuş hakynda, ýöne ol ony erteki görnüşinde beýan edipdir.
Baýdurdy Berdiýewiň «Çopan» atly çeper eseri özboluşly terzde çekilipdir. Bu eser çopanyň işine bagyşlandy. «Toýa» atly suratynda nakgaş sowgatlar bilen toýa barýan zenanlaryň toparyny şekillendirdi. Baýdurdy Berdiýewiň ulanan reňkleriniň sazlaşygy örän dürli, ýöne hemmesi-de sazlaşyklydyr.
Öwezmyrat Lallykowyň «Kakamyň portreti» atly eseri ajaýyplygy bilen tapawutlanýar. Suratkeş agyr bir pikiri beýnisinde aýlaýan orta ýaşly adamy şekillendiripdir. Onuň gujurly ýüzüniň ýakymly alamatlary ruhy taýdan güýçli adamyň keşbini janlandyrýar.
Arassa ýiti reňkli natýurmorty Aýgözel Nigarowa görkezdi. Surat ter, döwrebap görünýär, şol bir wagtyň özünde-de onda gündogar öwüşginleri bar.
Toýly Çopanow öz işini «Bol hasyl» diýip atlandyrypdyr. Ýaşuly şireli üzümden bir çelegi dolduryp, uly guwanç bilen hasyly öýüne alyp barýar. Surat ýaşulynyň bagynyň her bir ýapragyna şöhle salýan günüň bol nuruna beslenip dur. Günüň ýalkymly nurundan daşyndaky zatlar şatlyk döredýär.
Sergide täsirli işleriň başga-da birnäçesi bar.