Berdimuhamedow Aşgabatda guruljak "Daşkent" seýilgähiniň taslamalary bilen tanyşdy

23:1510.02.2022
0
10666

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurulmagy meýilleşdirilýän “Daşkent” dynç alyş seýilgähiniň baş meýilnamasy, onuň içinde ýerleşjek desgalaryň görnüşleriniň taslamalary bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutany taslamalar bilen tanşyp, toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynyň öňde goýlan ähli wezipeleri çözmäge täzeçil we oýlanyşykly çemeleşmäni, öňdebaryjy tehnologiýalary we iň gowy dünýä tejribesini çekmegi ugur edinýändigini belledi. Milletiň Lideri täze desgalaryň gurluşygynyň ähmiýetini nazarda tutup, onuň gurluşygynda ýokary hil derejesine we iki halkyň milli özboluşlylygyna aýratyn üns bermegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany şeýle desgalar gurlanda her bir zady, olaryň maksadyny we oýlanyşykly ulanylmagyny göz öňünde tutmagyň möhümdigini aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň türkmen we özbek halklarynyň gatnaşyklaryny has-da ösdürmekde we mundan beýläk-de pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetli işleriň biri boljakdygyny hem-de dürli ugurlarda ýaýbaňlandyrylan hyzmatdaşlygyň depginli ösdürilmegine uly ýardam berjekdigini aýratyn belledi.

Şeýle hem “Daşkent” seýilgähiniň Aşgabatda peýda bolmagy döwletimiziň üstünlikli durmuşa geçirilýän oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk we açyklyk syýasatynyň dabaralanýandygynyň nyşanyna öwrüler diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Döwlet Baştutany bu taslama amala aşyrylanda, goňşy we doganlyk ýurduň halkynyň milli aýratynlygyny nazara almagyň möhümdigini belledi. Milletiň Lideri onuň bezeg işlerinde milli çeperçilik däpleriniň häzirki döwrüň binagärlik aýratynlyklary bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň, desganyň netijeli bolmagynyň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk maksatnamalarynyň talabydygyny nygtady we wise-premýere hem-de Aşgabat şäheriniň häkimine birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň