Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ täze ugur boýunça ýük gatnawyny ýola goýdy

17:5210.02.2022
0
27106

2022-nji ýylyň 6-njy fewralyndan «Türkmenistan» awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hepdede iki gezek Türkmenabat — Bişkek — Türkmenabat ugry boýunça yzygiderli ýük gatnawyny amala aşyryp başlady. Bu barada «Türkmenhowaýollary» agentliginiň resmi web saýtynda habar berilýär.

Häzirki wagtda bolsa «Türkmenistan» awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Aşgabat — Frankfurt — Türkmenabat ugry boýunça hepdede iki gezek, Türkmenabat — Pekin — Türkmenabat ugry boýunça hepdede üç gezek, Türkmenabat — Stambul — Türkmenabat ugry boýunça hepdede iki gezek, Türkmenabat — Almata — Türkmenabat ugry boýunça hepdede bir gezek hem-de Türkmenabat — Bangkok — Türkmenabat ugry boýunça hepdede bir gezek ýük howa gatnawlaryny amala aşyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň