Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

23:2409.02.2022
0
6298

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine hem-de howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, olaryň işlerini kämilleşdirmek meselelerine garaldy. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany mejlisi açyp, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi. Ministr bu düzüm tarapyndan ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şol sanda goşunlaryň dürli kysymlaryna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň barşy, Türkmenistanyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, esgerleriň hem-de serkerdeleriň netijeli gullugy üçin ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek boýunça geçirilen çäreler barada hasabat berdi.

Milletiň Lideri hasabaty diňläp, bu düzümiň işiniň döwrüň ýagdaýlaryna laýyklykda guralmagynyň harby özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biridigini nygtady.

Soňra Baş prokuror B.Atdaýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň başyndan bäri kanunylygy, adam hukuklaryny we azatlyklaryny berjaý etmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu edaranyň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra içeri işler ministri Ö.Hojanyýazow IIM-niň düzümlerinde 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda durmuşa geçirilen işler hem-de hukuk bozulmalarynyň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, kärhanalarda, edaralarda, ýurdumyzyň sebitlerinde ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, jemgyýetçilik hukuk tertibini hem-de kanunylygy berjaý etmek maksady bilen, IIM-niň ähli düzümleriniň utgaşykly işini üpjün etmegiň möhümdigini aýtdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň barşynda Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow kazyýet düzümlerinde degişli döwürde alnyp barlan işleriň jemleri, döwrüň talaplaryna laýyklykda kazyýet işlerini guramak hem-de işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, kazyýet ulgamynyň işiniň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi.

Milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew berkarar türkmen döwletiniň gazananlaryny ygtybarly goramak, asuda jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy üpjün etmek boýunça ýanwar aýynda amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.

Türkmen Lideri hasabaty diňläp, Türkmenistany döwrebaplaşdyrmak, onuň ykdysady kuwwatyny hem-de halkara abraýyny ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan ägirt uly maksatnamalaryň köp babatda jemgyýetimiziň jebisligi netijesinde üstünliklere beslenýändigini belledi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de Watan goragçylarynyň mynasyp gulluk etmegi üçin döredilýän şertler, serhet goşunlaryny iň täze tehniki serişdeler bilen üpjün etmek hem-de sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmegiň Döwlet serhet gullugyna bildirilýän esasy talapdygyny nygtap, şahsy düzümiň beden we söweşjeň taýýarlygyny ýokarlandyrmak meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Soňra adalat ministri M.Taganow şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem hereket edýän kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, kadalaşdyryjy hukuk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça teklipleri taýýarlamak maksady bilen durmuşa geçirilen toplumlaýyn işler, kabul edilýän hukuk resminamalarynyň maksatlaryny we wezipelerini raýatlara düşündirmek boýunça guralan çäreler barada hasabat berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň möhüm wezipeleriň biridigini belledi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde hasabat döwründe geçirilen işleriň jemleri, düzüm böleklerini tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, bu düzümiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda öňdebaryjy halkara tejribäni öwrenmegiň möhümdigi bellenildi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýew 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda edaranyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, gullugyň alyp barýan işleriniň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi. Şahsy düzümiň öz borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmegi, işleriň yzygiderli kämilleşdirilmegi esasy talaplaryň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz gullugyň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarda işleriň ýagdaýy, olaryň ýylyň başyndan bäri harby özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetiren işleri barada hasabat berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işiniň geljekki meýilnamalaryna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer döwlet syýasatyna laýyklykda kabul edilen, goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina esasynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini nygtady.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy hem-de olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň