Soňky habarlar

Arhiw

N.Amannepesow Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy

21:5008.02.2022
0
20600

Şu gün geçirilen iş maslahatynda döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň amala aşyrylandygyny belledi. Milletiň Lideri iş saparyndan gaýdyp gelen Hökümet agzalarynyň Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň Düzgünnamasyna laýyklykda, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek üçin hökmany karantinde bolandygyny hem-de onuň netijeleriniň kada laýyk gelýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygynyň orunbasary, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadylandygyny aýtdy hem-de degişli Karara gol çekip, ony wise-premýere iberdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky sözüni dowam edip, ýurdumyzda öňüni alyş arassaçylyk çärelerini geçirmegi we bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy dowam etmegiň maksadalaýykdygyny belläp, halkymyzyň saglygynyň döwlet syýasatymyzyň möhüm ileri tutulýan ugry bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň