Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «Iň eýjejik gyzjagaz ― 2022» bäsleşigi yglan edildi

12:1408.02.2022
0
12628

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2 — 4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda geçirýän «Iň eýjejik gyzjagaz — 2022» atly şadyýan bäsleşigi yglan etdi. Bäsleşigiň Düzgünnamasy şu gün ― 8-nji fewralda «Nesil» gazetinde çap edildi.

Bäsleşige ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2 — 4-nji synplarynda okaýan, ozal «Iň eýjejik gyzjagaz» bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda ýeňiji bolmadyk okuwçy gyzlar gatnaşyp bilerler.

I. Bäsleşigiň geçiş tertibi:

Bäsleşik ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde, etraplarda, şäherlerde, soňra bolsa welaýatlarda we Aşgabat şäherinde geçirilýär. Welaýatlaryň hersinden hem-de Aşgabat şäherinden 1-nji we 2-nji orunlary eýelän 2 (iki) sany okuwçy gyzjagaz paýtagtymyzda geçiriljek jemleýji bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazanar.

Şadyýan bäsleşik şu aşakdaky tertipde dört tapgyrda geçiriler:

— birinji tapgyr 2022-nji ýylyň 5 — 15-nji fewraly aralygynda umumybilim berýän orta mekdeplerde geçiriler;

— ikinji tapgyr 2022-nji ýylyň 21 — 28-nji fewraly aralygynda etraplarda we şäherlerde geçirilip, oňa bäsleşigiň mekdep tapgyrynda 1-nji we 2-nji orunlary eýelän gyzjagazlar gatnaşarlar;

— üçünji tapgyr 2022-nji ýylyň 2 — 10-njy marty aralygynda Aşgabat şäherinde we welaýatlarda geçirilip, bu tapgyra etrap, şäher tapgyrlarynda 1-nji we 2-nji orunlary eýelän gyzjagazlar gatnaşarlar;

— jemleýji tapgyr 2022-nji ýylyň mart aýynyň ikinji ongünlüginde Aşgabat şäherinde geçiriler we bu tapgyra bäsleşigiň Aşgabat şäher hem-de welaýat tapgyrynda 1-nji we 2-nji orunlary eýelän ýeňiji gyzjagazlar gatnaşarlar.

II. Bäsleşigiň şertleri:

1. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan tutumly işleri, eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyşy ýerine ýetirmeli (4 minut).

2. Bäsleşige gatnaşýan gyzjagazlar milli egin-eşiklerini geýip, ony şahyrana sözler bilen wasp etmeli (3 minut).

3. Bäsleşige gatnaşýan gyzjagazlar öz ýaş aýratynlygyna görä, ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmekde bäsleşmeli.

III. Bäsleşige gerekli resminamalar:

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat we Aşgabat şäher Geňeşleriniň mejlisleriniň bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynyň ýeňijileri baradaky Kararlary, ýeňiji bolan gyzjagazlar barada şu aşakdaky görnüşde resminamalary (2 nusgada) Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşine 2022-nji ýylyň mart aýynyň 2-sine çenli tabşyrmaly:

— maglumat (görnüş №1, görnüş №2);

— dogluş hakyndaky şahadatnamanyň göçürmesi;

— 3х4 ölçegdäki 2 sany surat;

— okaýan mekdebinden kepilnama.

«Iň eýjejik gyzjagaz — 2022» atly şadyýan bäsleşige gatnaşyjylara mynasyp baha bermek üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekillerinden hem-de ýurdumyzyň tanymal medeniýet we sungat işgärlerinden ybarat eminler topary döredilýär. Eminler bäsleşige gatnaşýan gyzjagazlaryň her bir çykyşyny 5 (bäş) bahaly ulgamdan peýdalanyp bahalandyrýarlar we şol bahalary goşmak arkaly soňky netijäni çykarýarlar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda Baş baýrak we 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlar bellenilýär. Emin agzalarynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr.

Bäsleşigiň etrap, şäher, welaýat tapgyrlaryna işjeň gatnaşan we tapawutly çykyş eden gyzjagazlara Diplomlar we ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Diplomlar we sowgatlar gowşurylar.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-88-79, 44-88-85.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 44-86-40.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň