Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň ilçihanasy Türkmenistandan indiki ýörite uçuşyň senesini mälim etdi

16:3807.02.2022
0
14248

2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenabat — Moskwa ugry boýunça Sibir howa ýollarynyň indiki ýörite uçuşy guralar. Degişli bildiriş Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsullyk bölüminiň Telegram kanalynda ýerleşdirildi.

S7 8536 uçuşy Domodedowa halkara howa menziliniň resmi sahypasynda görkezilýär.

Nobatdaky howa gatnawy, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralan 35-nji ýörite uçuşy bolar. Şeýle uçuş soňky gezek 28-nji ýanwarda amala aşyryldy.

Belläp geçsek, dünýäde ýüze çykan COVID-19 sebäpli dünýäniň beýleki ýurtlary bilen birlikde, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky yzygiderli howa gatnawlarynyň 2020-nji ýylyň mart aýyndan bäri togtadyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň