Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-de ÝUNESKO kafedrasyny döretmäge taýarlyk görülýär

16:0505.02.2022
0
2186

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedrasyny döretmäge taýarlyk görülýär. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.

Bu barada baýry ýokary okuw mekdebiniň biologiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň dosenti, geografiýa ylymlarynyň doktory Röwşen Genjiýewiň gazetiň habarçysyna gürrüň berşi ýaly, bu kafedrany döretmek bu guramanyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary tarapyndan alnyp barylýar.

Institutda täze kafedrany döretmek boýunça işleriň agramly bölegi ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň mart aýynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň dördüsiniň, şol sanda Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň wekilleriniň gatnaşmagynda ÝUNESKO-nyň Pariž şäherindäki baş merkeziniň ýokary okuw mekdepleri bölüminiň ýolbaşçylary bilen sanly ulgam arkaly maslahat geçirildi. Onda ÝUNESKO kafedralary baradaky maksatnama giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täze kafedra bilen baglylykda ýokary okuw mekdebi eýýäm dünýä döwletleriniň iri bilim ojaklarynyň birnäçesi bilen hyzmatdaşlyga hem girişdi. Bu babatda Özbegistanyň Nyzamy adyndaky Daşkent döwlet pedagogik uniwersitetinden, Buhara döwlet uniwersitetinden, Belarusuň A.S.Puşkin adyndaky Brest döwlet uniwersitetinden, Russiýanyň Wolgograd döwlet sosial-pedagogik uniwersitetinden halkara goldaw hatlary gelip gowuşdy. Bu ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen sanly ulgam arkaly gepleşikler hem geçirildi.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary bilen hem degişli kafedrany döretmäge görülýän taýýarlygyň meseleleri babatda sanly ulgam arkaly gepleşikler geçirildi. Dekabr aýynda bolsa bu toparyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowanyň gatnaşmagynda institutda «Türkmenistan — ÝUNESKO: Diýardan ýaýraýan ýollar» atly maslahat geçirildi. Maslahatda myhman täze kafedranyň maksatnamasy barada giňişleýin gürrüň berdi we tejribelerini paýlaşdy. Şol maslahatda degişli teklipleriň berlendigini, ýerine ýetirilmeli işleriň kesgitlenendigini hem aýtmak gerek.

Häzirki meýilleşdirilýän işlere görä, ýurdumyzyň iki ýokary okuw mekdebinde dörediljek täze kafedra her dört ýylda bir mowzuk boýunça işlär. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty 2022 — 2026-njy ýyllar üçin «Häzirki döwrüň ýaşlarynda ekologiýa bilimini we medeniýetini kämilleşdirmek» diýen mowzugy saýlap aldy. Bu mowzuk boýunça anketa-ýüzlenme taýýarlanyp, ol ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary tarapyndan tassyklanyldy. Şol resminamada hem görkezilişi ýaly, mowzuk ugurlarynyň bäşisi boýunça işleniler. Olaryň ilkinji üçüsi mekdebe çenli ýaşly çagalarda, mekdep ýaşly çagalarda we talyplarda ekologiýa bilimini hem-de medeniýetini kämilleşdirmek bilen baglydyr. Dördünji ugrumyz jemgyýetçilik edaralarynyň ýaşlarynda bu kämilligi ýola goýmagyň meseleleri barada bolar. Jemleýji ugrumyz bolsa jemgyýetçilik ekologiýasy we Türkmenistanda jemgyýetçilik ekologiýasynyň meselelerini öwrenmek bilen bagly bolar.

Häzirki wagtda saýlanyp alnan mowzuk boýunça meýilnama taýýarlanylýar. Anketa-ýüzlenme we iş meýilnamasy tassyklatmak üçin ÝUNESKO-nyň Pariž şäherindäki baş merkeziniň ýokary okuw mekdepleri bölümine ugradylar. Resminamalar taýýarlanandan soň, degişli işlere girişiler.

Berkidilen mowzuk boýunça işleşmek üçin institut eýýäm Türkmenabat şäherindäki çagalar baglarynyň we orta mekdepleriň birnäçesi bilen hyzmatdaşlygyň ilkinji ädimlerini ätdi. Ylmy-barlag işleriniň geçirilýän döwründe olarda terbiýelenýän we bilim alýan çagalaryň, ýaşlaryň ekologiýa bilimi hem-de medeniýeti baradaky düşünjeleri içgin seljeriler. ÝUNESKO kafedrasynyň işine institutyň professorlaryndan başlap, aspirantlary we talyplary çekiler. Ylmy makalalaryň, gözlegleriň bäsleşikleri yglan ediler. Ýylyň her çärýeginde iň gowy işleriň dördüsini çap etmek üçin halkara neşirlere hödürlemek hem göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň