Kazan şäherinde öz işine başlan «Türkmen söwda öýi», Hazar deňzinde Astrahan sebitiniň portlaryndan ýük daşamagyň mukdaryny artdyrmak isleýär.
Bu barada «Türkmendaşarysöwda» döwlet kärhanasynyň wekili, Kazandaky «Türkmen söwda öýüniň» ygtyýarly wekili Begendik Artykow, Astrahan sebitiniň halkara gatnaşyklar gullugynyň başlygy W.W.Golowkow hem-de «Astrahan deňiz porty» paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Z.Aýupow öz aralarynda onlaýyn duşuşyk geçirdiler diýip, kazan.tmconsulate.gov.tm habar berýär.
Duşuşykda Astrahan portlarynyň infrastrukturasy esasynda harytlary wagtlaýyn saklamak meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu onlaýn duşuşyk, Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygynyň hemaýat bermegi bilen gurnaldy.
Baş konsullygyň pikiriçe, Begendik Artykow bu geljegi durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşmak üçin Astrahan sebitine baryp görmegi meýilleşdirýär.
Mundan ozal biz size Kazan şäherinde «Türkmen söwda öýiniň» açylandygy barada habar beripdik.
Şeýle-de okaň!