Tatarystanyň paýtagty Kazan şäherinde Türkmenistanda we Russiýa Federasiýasynda öndürilen dürli harytlaryň lomaý we bölek satuw söwdasy bilen meşgullanýan «Türkmen söwda öýi» açyldy. Onuň esasy ugurlarynyň biri bolsa, Türkmenistanda öndürilen dokma, trikotaž we egin-eşik önümleriniň görnüşlerini giňeltmekden ybaratdyr.
«Türkmen söwda öýi» lomaý we bölek satuw alyjylary, haryt öndürmek, paýlamak we satmak bilen meşgullanýan täjirçilik gurluşlaryny özüne çekýär.
Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygynyň habar bermegine görä, «Türkmen söwda öýi» kompaniýasynyň komissary Begendik Artykow, Tatarystanyň Maýa goýum Ösüş Agentliginiň wekilleri, senagat we söwda ministrleriniň orunbasarlary, respublikanyň oba-hojalygy we azyk önümleri, şeýle-de Tatarystanyň Türkmenistandaky ygtyýarly wekili bilen peýdaly söwda gatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça ýygnak geçirdi.
Hyzmatdaşlyk bilen gyzyklanýan ähli taraplar, «Türkmen söwda öýi» kärhanasynyň wekili bilen şu görkezilýän telefon belginiň, şeýle-de elektron poçtanyň kömegi bilen habarlaşyp bilerler: +79663794849; e-poçta: tkmtorg@bk.ru