Top.Mail.Ru

Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýeti Hytaýa sapardan soň karantin çärelerini berjaý eder

21:3503.02.2022
0
17021

Şu gün – 3-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda wise-premýer S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, S.Toýlyýewe ýüzlenip, Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen barýandygyny sebäpli, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi bu toparyň başlygynyň orunbasary – saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň üstüne ýükleýändigini aýtmak bilen, degişli resminama gol çekdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, soňra türkmen Lideri wise-premýer S.Toýlyýewe Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň düzgünnamasyna laýyklykda, sapardan gaýdyp gelinenden soň nähili hereket etmelidigi barada teklibini bermegi sorady. Wise-premýer düzgünnama laýyklykda, arassaçylyk kadalaryny ýerine ýetirmek üçin, sapardan gelinenden soň hökmany suratda karantin çärelerini berjaý etmelidigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, bu çäreleriň iň gysga wagty 3 gün, ortaça wagty 10 gün, iň wajyp wagty bolsa 21 gün bolmaly. Wise-premýeriň beýan eden teklibinden ugur alyp, döwlet Baştutany:

«Biz karantin çäreleriniň haýsy hem bolsa birini berjaý edip, arassaçylyk talaplaryna görä, iň azyndan 3 gün, ýagny ýekşenbe, duşenbe we sişenbe günlerinde karantinde bolmaly bolarys» – diýip belledi.

«Türkmenportal» öz okyjylaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaýda geçirilýän gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşýandygy, şeýle-de Hytaýyň iri neşirleriniň we teleýaýlymlarynyň wekillerine interwýu berendigi barada ozal habar beripdi.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň