Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň mejlisi geçirildi

22:1001.02.2022
0
8399

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we ugurdaş pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bu barada TDIM-niň resmi web saýtynda habar berilýär.

Pudagara toparyň nobatdaky mejlisiniň dowamynda geçen 2021-nji ýylda pudagara toparynyň amala aşyran işleriniň netijelerine garap, gatnaşyjylar 2022-nji ýyl üçin çäreleriň Meýilnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak we ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek bilen mejlisi dowam etdiler. Mundan başga-da mejlisiň gün tertibine VI Hazar Sammitine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler hem girizildi. Bu ugurda sammitiň dowamynda garalmagy meýilleşdirilýän resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işlere seredildi.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistan sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi, hazarýaka döwletleriniň we olaryň halklarynyň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň we giňişleýin özarahereketleriň pugtalandyrylmagy maksady bilen bu ugurda geljekde hem netijeli işleri dowam etmeklige hemmetaraplaýyn ygrarlydyr.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň