Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitine taýýarlyk görülýär

23:5103.10.2020
0
7687

Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça Pudagara toparynyň täzelenen düzüminde mejlisi geçirildi.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanda geçiriljek Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, DIM-niň ýolbaşçysy Reşit Meredow cykyş edip , Türkmenistanyň Hazar meseleleriniň oýlanşykly çözgüdiniň işlenilip taýýarlanylmagynda işjeň orun eýeleýändigini nygtady. Hazar deňzinde hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň kemala gelmeginde Türkmenistanyň möhüm orun eýeländigi we halkara hukugynyň çäklerinde hazarýaka ýurtlaryň ählisi bilen ýakyn gatnaşyklar hem-de ekologiýa aýratynlyklary nazarda tutulyp, bu işiň dowam edilýändigi bellenildi.

Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Aktau şäherinde dürli ugurlarda Hazarda özara gatnaşyklaryň hukuk kadasyny berkidýän esaslaýyn resminama- Ha¬zar deň¬zi¬niň hukuk de¬re¬je¬si ba¬ra¬da¬ Kon¬wen¬si¬ýa¬ gol çekilendigine, baryp 2002-nji ýylda Türkmenistanda bu taslamanyň işlenilip taýýarlanylyp başlanandygyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň mundan beýläk hem özara hormat goýmak ýörelgelerine laýyklykda Hazar deňzi boýunça özara bähbitli, şol sanda ykdysadyýet, ekologiýa, howpsuzlyk, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi boýunça tagallalary durmuşa geçirjekdigi nygtaldy. Şunda ýurduň daşary syýasat ugrunda ileri tutulýan ekologiýa diplomatiýasynyň jähtinden howanyň üýtgemeginiň netijelerini azaltmak, ýaşyl ykdysadyýeti ilerletmek meselelerine aýratyn üns berler.

DIM-niň ýolbaşçysy Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmeginiň möhümligini belledi. Hususan-da, mejlise gatnaşyjylaryň ünsi hyzmatdaşlygyň binýadyny pugtalandyrmak we gerimini giňeltmek üçin degişli hukuk hem-de ykdysady gurallaryň işlenilip taýýarlanylmagynyň wajyplygyna çekildi.

Türkmenistan sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi, Hazar sebitiniň döwletleriniň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy pugtalandyrylmagy maksady bilen bu ugurda netijeli işleri dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň