Türkmenistanyň Ýaş alymlar merkeziniň döredilmeginiň bäş ýyllygy mynasybetli ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň taýýarlan taslama işleriniň sergisi guraldy. Bu barada Mir 24 teleýaýlymynda habar berilýär.
Talyp ýaşlaryň taýýarlan ylmy taslama işleriniň arasynda beýleki ulgamlar bilen birlikde sanly ulgama degişli taslamalara gyzyklanma artdy. Onda eloktronik hasaba alyş ulgamy, web sahypalar we nagt däl tölegleri geçirmäge bagyşlanan taslamalar sergä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Türkmenistanyň Ýaş alymlar merkeziniň döredilmeginiň bäş ýyllygy mynasybetli guralan sergide Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 2-nji ýyl talyby Ajap Rejepowajanyň taýýarlan türkmen-nemes sözlügine gyzyklanmanyň artandygyny bellemek gerek.
Ýaş alymlaryň taýýarlan ylmy taslamalaryna baha beren synçy toparlar Türkmenistanda täze tehnologiýalardan ussatlarça baş çykarmagy başarýan ýaş nesilleriň sanynyň barha artýandygyny buýsanç bilen bellediler.
Serginiň dowamynda öňdebaryjy ýaş alymlaryň birnäçesine ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Belläp geçsek Türkmenistanyň Ýaş alymlar merkezi 2017-nji ýylyň ýanwarynda Ylymlar akademiýasy bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň taýýarlamagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Karary esasynda döredildi.