Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan 2022-nji ýylda ýurduň konstitusiýasynyň 30 ýyllygyny bellär

21:5027.01.2022
0
3528
Türkmenistan 2022-nji ýylda ýurduň konstitusiýasynyň 30 ýyllygyny bellär
Surat: Eurasia Plus

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda türkmen Lideri şu ýyl Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilenine 30 ýyl dolýandygyna ünsi çekdi. Şoňa görä-de, Esasy Kanunymyzyň many-mazmunyny we kadalaryny, esasan hem, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda alnyp barylýan uly işleri halk köpçüligine giňden wagyz etmek boýunça çäreler toplumynyň geçirilmelidigini tabşyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Döwlet Baştutany Daşary işler ministrligi bilen bilelikde şu ýylyň maý aýynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna, onuň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyna gowy taýýarlyk görmeli. Parlamentara forumyň gün tertibiniň taslamasyny düzüp, bu ugurda Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde işleri alyp barmaly diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belläp geçdi.

Milletiň Lideri Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça Hökümet, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ylmy edaralar, jemgyýetçilik birleşikleri, ýokary okuw mekdepleri bilen ýakyndan aragatnaşyk etmelidigini aýdyp, bu edaralaryň wekilleriniň iş toparlarynyň işine gatnaşmagyny ýola goýmagy hem degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

Belläp geçsek, 2018-nji ýylyň 18-nji maýyndan başlap, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilelikde bellenilip gelinýär. Mundan öň bu baýramçylyklaryň hersi bir gün bellenilýärdi. 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda bu baýramy bilelikde bellemek hakyndaky karara gol çekilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň