Medeni miras babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazow bilen Ýerewanyň W.Brýusow adyndaky döwlet diller we jemgyýetçilik ylymlary uniwersitetiniň ÝUNESKO-nyň adam hukuklary, demokratiýa we syýasy ylymlar kafedrasynyň ýolbaşçysy Tigran Torosýan bilen geçiren gepleşikleriniň esasy meselesi boldy.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşirine görä, professor ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen Türkmenistanyň milli medeniýeti we binagärçiligi bilen tanyşdy. Olaryň hatarynda Merw, Köneürgenç, Nusaý ýaly gadymy ýadygärlikler, «Görogly» ýordumy, türkmen halysy, ahal-teke atlarydyr türkmen alabaýlary ýaly gymmatlyklar bar. 2021-nji ýylda olaryň üsti türkmen dutarlary bilen ýetirildi. Bular dogrusynda wideogörnüşlere tomaşa edildi.
Duşuşykda Tigran Torosýana Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen bedewleri baradaky kitaby sowgat berildi.