Soňky habarlar

Arhiw

Meşhur egin-eşik brendleriniň utuşly aksiýasynyň jemi jemlenýär

14:3625.01.2022
0
4329

«Turkmenportal» web saýtymyzda ozal hem habar berşimiz ýaly, dünýäniň köp sanly ýurtlarynda meşhur bolan «Colin`s», «Koton», «Koton Kids», «Altin Yildiz», «Ramsey» we «Mavi» egin-eşik brendleriň dükanlarynyň Türkmenistandaky resmi dileriniň yglan eden utuşly aksiýasy 2022-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda sagat 14:00-da Instagram sosial ulgamyndaky @asman_exspress sahypasynda göni ýaýlymda jemlener.

Utuşly aksiýa gatnaşmak üçin her bir müşderi ady agzalan brendlerden 1000 manatlyk söwda etmeli. Her söwda eden müşderä bir utuş petegi berilýär. Eger-de müşderi 2000 müň manatlyk söwda etse, onda ol iki sany utuş petegini alýar. Petekleriň sanynyň müşderiniň söwdasynyň mukdaryna görä artýandygyny bellemek gerek. Müşderiniň alan utuş petegi onuň adynyň, familiýasynyň, telefon belgisiniň alynmagy bilen resmileşdirilýär we ýörite programmanyň sanawyna goşulýar.
Aksiýada utuşly peteklerde gymmat bahaly sowgatlaryň birnäçesi bolup, olarda 10 sany smartfon, 10 sany telewizor, 5 sany kir ýuwujy maşyn, 5 sany sowadyjy we başga-da birnäçe sowgatlar bar. Aksiýanyň iň uly baýragy bolsa «Toyota Corolla» kysymly ýeňil awtoulagdyr. Utuş peteklerinden baýrak çykmadyk müşderiler bolsa ady agzalan brendleriň dükanlarynyň islendik birinden fewral aýynyň dowamynda söwda edip, özleriniň peteklerini satyja berip, ozalky bar bolan arzanladyşyň üstüne ýene-de 10 göterim arzanladyşdan peýdalanyp bilerler.

Utuşly aksiýa gatnaşmak isleýän müşderiler Instagram sosial ulgamyndaky @colins_turkmenistan; @koton_turkmenistan; @altinyildizclassics_tkm; @mavi_turkmenistan; @ramsey_turkmenistan sahypalaryndan özlerine gerekli egin-eşikleri onlaýn görnüşde sargyt edip bilerler. Müşderileriň sargytlary Türkmenistanyň islendik künjegine eltip berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň