Aşgabatda Türkiýäniň «Anadolu» agentliginiň resmi wekilhanasy açyldy

20:0020.01.2022
0
558

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral Türkiýäniň «Anadolu» agentliginiň Aşgabatda resmi wekilhanasyny açandygyny habar berdi.

Ol çarşenbe güni Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň binasynda ýerli metbugatyň wekilleri we daşary ýurt metbugatynyň ynanç bildirilen habarçylary üçin geçiren metbugat duşuşygynda eden çykyşynda «Anadolu» agentliginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistana eden saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen «Anadolu» agentliginiň arasynda gol çekilen Ylalaşygy laýyklykda açylandygyny habar berdi. Bu waka iki doganlyk ýurduň halklarynyň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlygy ýakynlaşdyrmak we berkitmek üçin ädilen ýene bir ädim hökmünde baha berilýär.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanda metbugat derejesiniň we maglumat ulgamynyň ösýändigini bellemek bilen: «Dostlukly ýurdumyzyň ýerli habar beriş serişdeleri arkaly biz, daşary ýurtly diplomatlar we diňleýjiler, Türkmenistanyň syýasy we jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm wakalary bilen gysga wagtda tanyşýarys» — diýip, belläp geçdi.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi bu duşuşykda Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň metbugat geňeşçisi wezipesine täze bellenen jenap H.Bektaşy tanyşdyryp, onuň ilçihananyň ýerli KHS-niň wekilleri, şeýle hem daşary ýurt metbugatynyň Türkmenistandaky ynanç bildirilen habarçylary bilen hyzmatdaşlygyna işjeň gözegçilik etjekdigini nygtady.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň