Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda täze Ylalaşyklaryň sekizsine gol çekildi

22:1027.11.2021
0
1469

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda geçirilen gepleşikleriň çäginde Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda özara hyzmatdaşlyk barada Ylalaşyklaryň sekizine gol çekildi. Olar köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, atçylyk, saglygy goraýyş, bilim ýaly pudaklary öz içine alýar.

― Iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen Anadolu agentliginiň arasynda Ylalaşyga;

― Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen Türkiýäniň Radio we telewideniýe guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Türkiýäniň Radio we telewideniýe guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

― Atçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada “Türkmen atlary” döwlet birleşigi bilen Türkiýe Respublikasynyň Oba hojalyk we tokaýçylyk ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

― Saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga;

― Bilelikdäki türkmen-türk umumybilim berýän orta mekdep babatda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

― Bilelikdäki türkmen-türk umumybilim berýän orta mekdebiň Tertipnamasyna;

― Hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Türkiýe Respublikasynyň Merkezi bankynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

― Protokol işleri babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Bilelikdäki Beýannama öz gollaryny goýdular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň