Berdimuhamedowyň «Jan Watanym Türkmenistan!» goşgusy Kazanda ýaňlandy

21:5818.01.2022
0
9964

Kazan (Tatarystan, Russiýa Federasiýasy) şäherinde okaýan türkmen talyplary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täze 2022-nji ýylyň öňüsyrasynda ýazan «Jan Watanym Türkmenistan!» goşgusy bilen çykyş etdiler. Çykyşlarda halklaryň abadan hem parahat durmuşy, halkara durnuklylygy we howpsuzlygy, parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmaklyk, dostluk-doganlyk ýörelgeleri beýan edilýär.

Türkmen talyplarynyň çykyşynyň wideoýazgysy Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazandaky) Baş konsullygynyň resmi saýtynda ýerleşdirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň