Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen gyzlarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi

09:5918.01.2022
0
1186

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan gyzlaryň arasynda yglan edilen «Edepli we çeper elli türkmen gözeli» atly bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynyň ýeňijileri gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi, Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi hem-de welaýat Medeniýet müdirligi tarapyndan ýokary derejede guralan bäsleşik örän täsirli boldy.

Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, oňa gatnaşyjy gyzlar «Gyz edebi — il edebi», «Hünärim bar — hormatym bar», «Arkadagly Diýarda türkmen gözeliniň buýsanjy» diýlip atlandyrylan şertler boýunça çykyş etdiler. Olar çykyşlarynyň üsti bilen sagdyn durmuş ýörelgelerini, arassaçylygy berjaý edişlerini, el işini ýerine ýetirmekdäki başarnygyny görkezdiler.

Şeýlelikde, Babadaýhan etrabyndan Kümüş Çaryberdiýewa birinji, Ak bugdaý etrabyndan Gurbanbibi Körhanowa ikinji, Babadaýhan etrabyndan Uzukjemal Amanowa üçünji orny eýeläp, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň ýörite sowgatlaryna mynasyp boldular. Birinji we ikinji orunlary eýelän gyzlar döwlet derejesindäki jemleýji bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň