Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan 3 sany gämi gurmak üçin OPEK Halkara ösüş gaznasy we Yslam ösüş banky bilen yalalaşyk baglaşar

23:0014.01.2022
0
15442

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Döwlet daşary ykdysady iş banky Türkmenistanyň Hökümetiniň — Karz alyjynyň adyndan «Ro-Ro» görnüşli bir sany gämini we bir sany ýük gämisini gurmak boýunça taslamalaryň bahasynyň bir bölegini maliýeleşdirmek üçin Yslam ösüş banky bilen degişli ylalaşyklary baglaşar hem-de olaryň güýje girmegi we dolandyrylmagy bilen bagly işleri amala aşyrar.

Mundan başga-da, Döwlet daşary ykdysady iş banky «Ro-Ro» görnüşli bir sany gämini gurmak boýunça taslamanyň bahasynyň bir bölegini maliýeleşdirmek üçin OPEK Halkara ösüş gaznasy — Karz beriji bilen degişli karz ylalaşygyny baglaşar hem-de onuň güýje girmegi we dolandyrylmagy bilen bagly işleri amala aşyrar.

Hökümetiň 14-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde habar berlişi ýaly, bu resminama Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň öňünde goýlan dürli kysymly gämileri gurmak wezipelerini durmuşa geçirmek maksady bilen kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň