Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Esenguly etrabynda balykçylar bilen duşuşdy

23:0513.01.2022
0
1078

Şu gün Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Uzynada meýdançasyndan uzak bolmadyk ýerde ýerleşýän Hazaryň kenaryndaky balykçylaryň ýanyna bardy we Esenguly etrabynyň Gögerendag obasynyň ýaşaýjysy, balykçy Nurmämmet Meretgylyjow bilen söhbetdeş boldy.

Türkmen Lideri balykçy bilen hal-ahwal soraşyp, balykçylyk hünäriniň aýratynlyklary, olaryň iş we durmuş şertleri bilen gyzyklandy. Balykçy bu ýerde awlanýan balyklaryň görnüşlerini görkezdi. Ol balyk tutmakda oňyn tejribe toplandygyny we özüniň asylly käri bilen bolelin durmuşda ýaşaýandygyny aýtdy. Nurmämmet Meretgylyjow 10 ýyl bäri balykçylyk bilen meşgullanýandygyny, bu hünäriň kakasyndan geçendigini aýratyn nygtady. Şeýle-de ol balykçylykda hususyýetçilige geçilendigini, onuň bolsa balykçylar üçin örän bähbitlidigini aýtdy.

Şol wagt balykçynyň balykçy ýoldaşlary hem deňizden gaýdyp geldiler. Onuň belleýşi ýaly, olar aýyň dowamynda 10-12 gezek deňiz giňişligine gidýärler we kenardan 3000 metr uzaklykda balyk awlaýarlar. Her gezek 40-50 kilogram balyk tutulýar. Bu bolsa toparyň agzalarynyň maşgalalary üçinem, söwda bazarlarynda ýerlemek üçinem ýeterlik bolýar.

Soňra türkmen Lideri balykçynyň balykdan taýýarlaýan naharlary, olaryň ýokumlylyk derejesi bilen içgin gyzyklandy we N.Meretgylyjowyň ýoldaşlarynyň ýanyna baryp, olar bilen söhbetdeş boldy. Balykçylar türkmen Lideriniň döwlet Baştutany wezipesine girişip, ilkinji iş saparyny Balkan welaýatynyň Esenguly etrabyna amala aşyrandygyny buýsanç bilen ýatladylar. Balykçylar özleriniň hoşallyklaryny bu sebite mahsus bolan gazal çekmek bilen beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň