Türkmen wekilleri Merkezi Aziýada gender deňligi boýunça okuwa gatnaşmaga çagyrylýar

10:5913.01.2022
0
892

Türkmenistanyň wekilleri Merkezi Aziýada gender deňligi, zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmak (GEWE) babatynda öz bilimlerini artdyrmak boýunça okuwlara gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berilýär.

Gazagystanyň Al-Farabi adyndaky Milli Uniwersitetiniň ÝUNESKO-nyň žurnalistika we aragatnaşyk bölüminiň Gazagystanda «BMG-zenanlar» bilen bilelikde guran bu okuwy gender taýdan deňlik düşünjesini iş ýüzünde ulanmaga we durmuşa geçirmäge, şeýle hem Merkezi Aziýanyň bäş döwletlerinde ̶ Türkmenistanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Gazagystanda we Özbegistanda bu ugurda işleýän hünärmenleriň mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilendir.

Oňa döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalaryň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we zenanlaryň hukuklary bilen baglylykda iş geçirýän beýleki guramalaryň wekilleri gatnaşyp bilerler. Okuw 2022-nji ýylyň 25-nji fewralyndan 1-nji martyna çenli rus dilinde geçiriler.

Okuwa gatnaşjaklar «BMG-zenanlar» guramasynyň hünärmen tälimçileri bilen bilelikde derwaýys meseleler boýunça pikir alşyp we toparlaýyn interaktiw okuwlaryň bir bölegi bolup bilerler.

Okuwa gatnaşmak üçin ýazylmak 2022-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň