Soňky habarlar

Arhiw

Pakistanyň ilçisi türkmen woleýbolçylaryny kabul etdi

12:4925.04.2024
0
7740
Pakistanyň ilçisi türkmen woleýbolçylaryny kabul etdi
Surat: newscentralasia.net

2024-nji ýylyň 24-nji aprelinde Pakistanyň ilçisi Ahsan Wagan Türkmenistanyň woleýbol boýunça milli ýygyndysynyň hormatyna kabul edişlik gurady. Bu barada ilçihana habar berýär.

Ýygyndy topar 2024-nji ýylyň 9 — 17-nji maýynda woleýbol boýunça Aziýanyň bäşinji zolagynda geçiriljek ýaryşa gatnaşmak üçin Yslamabat şäherine gidýär.

Ilçi öz çykyşynda Türkmenistanyň woleýbol boýunça milli ýygyndysyna ýaryşda üstünlik arzuw etdi. Diplomat milli toparyň agzalaryna Pakistanyň woleýbol federasiýasynyň 2024-nji ýylyň 11-nji maýyndan 17-nji maýyna çenli 6-njy Milli Merkezi Aziýa woleýbol ligasyny kabul edýändigini habar berdi.

Aziýa woleýbol konfederasiýasynyň Merkezi Aziýa zolagy (AVC) Merkezi Aziýa woleýbol birleşigi (CAVA) diýilýän zonada jemlenen Günorta Aziýanyň, Eýranyň we Merkezi Aziýanyň 14 ýurduny özünde birleşdirýär.
AVC-niň agzasy 65 ýurtdan düzülip, bäsleşik 5 zonada geçirilýär. Sport ýaryşlary Yslamabatdaky 10 müň tomaşaçylyk «Liaqat» sport zalynda geçiriler. Final duşuşygy 17-nji maýda bolar.

Diplomat iki dogan ýurduň arasynda medeniýet we sport pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyny aýtdy. Ol Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýaşlara bagyşlanan kitaby we türkmen döwletiniň milli derejede sport ösdürmäge berýän ünsi barada hem belläp geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň