Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda 2021-nji ýylyň jemi jemledi

11:4010.01.2022
0
8407

Ýakynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda 2021-nji ýylyň futbol möwsüminiň jemi jemlendi. Onuň netijesinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sport žurnalistleriniň we Ýokary liganyň futbol klublarynyň wekilleriniň arasynda ýazuw arkaly geçirilen pikir-soraşmanyň jemine seredildi.

Geçirilen ses berlişigiň netijesinde «Ahal» toparynyň ýarymgoragçysy Elman Tagaýew «Iň ökde oýunçy» diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň futbol çempionatynda geçen möwsüminde E.Tagaýewiň derwezelere geçiren 10 topy bilen «Iň köp top geçiren oýunçylaryň» arasynda hem öňdeligi eýeländigini bellemek gerek.

«Iň ökde tälimçi» diýlip, «Altyn Asyryň» tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew saýlanyldy. Geçen möwsümde Ýazgulynyň tälimçiligindäki «Altyn Asyr» sekizinji gezek Türkmenistanyň futbol çempionatyny ýeňiş bilen tamamlady. Şeýle-de, bu hünärmeniň ýolbaşçylygynda Aşgabadyň topary Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyna hem mynasyp boldy.

Çempionatyň dowamynda «Adalatly oýun görkezen» toparyna gowşurylýan baýraga «Ahal» topary mynasyp boldy.

Şeýle-de, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň iň ökde futbolçylarynyň 22-ligi hem seçilip alyndy.

Birinji düzüm: Mämmet Orazmuhammedow («Altyn Asyr») – derwezeçi; Mekan Saparow, Güýçmyrat Annagulyýew, Zafar Babajanow (hemmesi «Altyn Asyr»), Abdy Bäşimow («Ahal») – goragçylar; Elman Tagaýew, Arslanmyrat Amanow (ikisi-de «Ahal»), Ahmet Ataýew («Altyn Asyr»), Yhlas Magtymow («Şagadam») – ýarym goragçylar; Altymyrat Annadurdyýew («Altyn Asyr»), Pirmyrat Gazakow («Merw») – hüjümçiler.

Ikinji düzüm: Resul Çaryýew ( «Ahal») – derwezeçi, Serdar Geldiýew, Ata Geldiýew (ikisi-de «Ahal»), Serdar Baýramow («Köpetdag»), Resul Mahmydow ( «Şagadam») – goragçylar; Yhlas Saparmämmedow, Ýazgylyç Gurbanow (ikisi-de, «Köpetdag»), Nazar Towakelow («Şagadam») , Myrat Annaýew («Altyn Asyr») – ýarym goragçylar; Gurbangeldi Sähedow («Aşgabat»), Kerim Hojaberdiýew (Şagadam») – hüjümçiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň