Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen alymlary alabaýy wasp edýän milli nagyşlary ylmy taýdan öwrenýärler

22:2607.01.2022
0
16278

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa 7-nji ýanwarda geçirilen Hökümetiň mejlisinde döwlet Baştutanyna türkmen alabaýyny wasp edýän milli nagyşlary ylmy taýdan öwrenmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer slaýdlary peýdalanmak bilen, şonuň ýaly gölleriň biziň eýýamymyzdan öňki VII — V müňýyllyklara degişli birnäçesini görkezdi. Şolaryň hatarynda Gökdepe etrabynyň Gökdepe obasynyň töweregindäki gadymy daş asyryna degişli bolan Pessejikdepe ýadygärliginiň diwar bezeginde ýüze çykarylan byçgynyň dişiniň şekilinde setir bolup gidýän öýjagazlary suratlandyrýan «It ýatak» göli bar.

Häzirki wagtda bu gadymy nagşyň Ahal halylarynyň älem zolagynda çitilýändigi sebäpli, ol halkyň arasynda «Älem nagşy» diýlip hem atlandyrylýar. Balkan halylaryndaky gölüň bolsa bürgüdiň dyrnagyna meňzeýändigi sebäpli, ol «Dyrnakgöl» nagşy diýlip atlandyrylýar.

Türkmen alabaýyny wasp edýän ýene-de bir gadymy göl «Güjük yzy» gölüdir. Arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çägindäki IX — XIV asyrlara degişli Şähryslam ýadygärliginde türkmen alabaýynyň penjesiniň yzy ýüze çykaryldy. Gadymy ynanja görä, bu göl ynsanyň saglygyny we onuň öý-ojagyny, mal-mülküni dürli howplardan goraýar. Şol sebäpli, bu göli türkmeniň ak öýüniň gapysynyň iç ýüzünden asylýan eňsi halylarynda görmek bolýar.

Türkmen halylaryny, palaslary, keçeleri we beýleki nepis el işlerini bezeýän iň gadymy nagyşlaryň biri hem «Tazyguýruk» gölüdir. Ol halylaryň gyra nagyşlarynyň biri hökmünde gapynyň içki tarapynda asylýan haly önümleriniň merkezine çitilýän gölleriň gyralaryna jäheklenýär. Ata-babalarymyz bu göl gözden-dilden goraýar diýip hasap edipdirler.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän, IX — XIV asyrlara degişli Şährihaýbar ýadygärliginde türkmen alymlary tarapyndan tazynyň guýrugynyň şekili çekilen şakäsäniň bölegi tapyldy. Munuň özi bu sebitde gadymy döwürlerden bäri türkmen alabaýynyň we awçy tazylarynyň ösdürilip ýetişdirilendigi baradaky çaklamany tassyklaýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň muzeýlerinde türkmenleriň amaly sungatynyň, şeýle hem XIX — XX asyrlara degişli «It ýatak», «Tazyguýruk», «Güjük yzy» ýaly gadymy göller çitilen halylaryň we haly önümleriniň gadymy nusgalaryny gorap saklamak, öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Bu ylmy işler türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermäge, itleriň bu tohumynyň galdyran taryhy yzlaryny ylmy taýdan has düýpli öwrenmäge hem-de ýaşlarymyzda milli mirasymyz babatynda düşünjeleriň baýlaşmagyna ýardam berer. Mundan başga-da, täze ylmy maglumatlar türkmen alabaý itlerini terbiýelemegiň we köpeltmegiň milli aýratynlyklary babatda hödürnamany ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşmak üçin taýýarlanýan maglumatlaryň üstüni ýetirer.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasynyň has düýpli öwrenilmegine we aýawly goralyp saklanylmagyna hem-de ýaş nesle geçirilmegine ýardam berýän ylmy-barlaglaryň yzygiderli dowam etdirilmeginiň möhümdigini nygtady.

Türkmen Lideri amaly sungatyň bu ugruny öwrenmek üçin ýokary okuw mekdepleriniň, aýratyn-da, ynsanperwer ugurly mekdepleriň okuw maksatnamasyna girizmegi, bu gymmatly mirasy gorap saklamak işlerine alymlary, şeýle hem Milli Geňeşiň agzalaryny çekmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany türkmen alabaýynyň waspyny ýetirýän maglumatlary giňden wagyz etmek maksady bilen, bu babatda wekilçilikli halkara maslahatynyň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara onuň dowamynda arheologiýa tapyndylary, şeýle hem türkmen alabaýynyň keşbi şekillendirilýän halylaryň we haly önümleriniň nagyşlary hem-de gölleri bilen jemgyýetçiligi tanyşdyrmak barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň