Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky jemagat töleglerini tölemek hyzmatyny hödürleýär

10:2605.01.2022
0
9665

Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky ulanyjylara jemagat töleglerini tölemek hyzmatyny hödürleýär.

“HalkHyzmatlary” şahsy otagyň kömegi bilen “Altyn Asyr” plastik bank karty arkaly jemagat hyzmatlary üçin tölegleri töläp bolýar.

Tölegleriň aşakdaky görnüşleriniň tölenmegi üçin bu hyzmatdan peýdalanyp bolar:

  • Jemagat işleri;
  • Suw üçin hasaplar;
  • Elektrik togy üçin hasaplar;
  • Beýleki zerur tölegler.

Hyzmatyň bu görnüşi barada bankyň resmi saýtynda giňişleýin maglumat alyp bilersiňiz. Bu saýtda şahsy otagyň kömegi bilen her ulanyjy her aý üçin öz hasaplary we tölegleri barada giňişleýin maglumatlary alyp biler. Bu hyzmat müşderileriň banka barmagy üçin sarp eden wagtlaryny tygşytlamak üçin döredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň