Soňky habarlar

Arhiw

“Ukrspirt” Döwlet kärhanasy Türkmenistanyň bazarlaryna çykmagy meýilleşdirýär

23:1304.02.2015
0
3549

 Aşgabat, 04.02.2015. “Türkmenportal”.

“Ukrspirt” Döwlet kärhanasy Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň bazarlaryna çykmagy meýilleşdirýär. Bu barada “Ukrspirt” DK direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Roman Iwanýuk gysgaldylan metbugat maslahatynda belläp geçdi diýip ПрессОрчhtpp://pressorg24.com. habar berýär.

“Biz eksport şertmanalarynyň gözlegine işjeň girişdik. Türkmenistan, Azerbaýjan, Gazagystan bilen gepleşikleri geçirýäris. Ukrain spirti üçin bu bazarlary gaýdyp almak isleýäris. Kompaniýanyň öňki ýolbaşçylary eksport meselesi bilen düýbinden diýen ýaly meşgullanmadylar. Netijede öňden gelýän bazarlar ýitirildi” diýip, R. Iwanýuk belledi.

Onuň aýtmagyna görä, Gündogara eksporty ýola goýmakdan başga-da, Ýewropa ýurtlaryna eksport etmegiň hem gamyny iýmeli.

“Elbetde, arzan satmaly bolary, ýöne nätjek, iň bolmanda kärhanany dikeltjek bolmaly. Munuň özi — işgärlere aýlyk, täze iş orunlary, ukrain çig malyny gaýtadan işlemek, fermer hojalyklaryna goldaw bermek diýmek ahyryn” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

 “Ukrspirt” Döwlet kärhanasy işleýän kärhanalaryň sanyny artdyrmakçy bolýar. “Häzirki wagtda Ukrainada “Ukrspirt” Döwlet kärhanasynyň garamagyndaky 41 kärhananyň diňe 5-si işleýär. Ýöne fewralda 7, martda bolsa 9 — 10 kärhananyň işi ýola goýlar diýip umyt edýärin. Ýylyň ahyryna bolsa 20-ä golaý kärhanany işe girizmegi göz öňünde tutýarys” diýip, kärhananyň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Roman Iwanýuk nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň