Soňky habarlar

Arhiw

«Şypaly Çomuç» dermanhanasy saçlara ideg etmeklik üçin niýetlenilen önümleriň giň toplumyny hödürleýär

11:2421.12.2021
0
4859

Ýylyň sowuk möwsümi tutuş adam bedeni, şol sanda saçlar babatda hem özboluşly bir synag möwsümidir.

Gyş paslynda ýyladyş enjamlary sebäpli otaglarda günüň ýetmezçiligi, pes temperatura, gurak howa, kellä geýilýän geýimler (ýigitleriň telpegi, zenanlaryň seçekli ýaglygy) saçyň daşky görnüşine we ýagdaýyna ýaramaz täsir edýär. Ýagny, saçlar öçügsi, port, ýygy-ýygydan düşegen bolýar. Hut şu nukdaýnazardan-da, ýylyň sowuk möwsümlerinde saça ideg etmeklik üçin ýörite bejeriji serişdeleri ulanmalydyrys.

«Şypaly Çomuç» dermanhanasy saç üçin köp sanly bejeriji wesme önümlerini (kosmetika) hödürleýär: şampunlar, örtükler, balzamlar, ýaglar we ş.m. Bu dermanhananyň maslahatçylary saçyňyzyň görnüşi üçin iň amatly önümi saýlamaga kömek eder.

«Şypaly Çomuç» dermanhanasyndan içmeklik üçin niýetlenilen saçy bejeriji serişdelerini hem tapyp bilersiňiz – witaminler we mikroelementler (микроэлементы – haýwanlaryň we ösümlikleriň organizmlerinde ýerleşýän az mukdardaky himiki elementler) toplumy hem saçyň ýagdaýyna peýdaly täsir edýär.

«Şypaly Çomuç» dermanhanasynyň salgysy: Aşgabat şäheriniň Sona Myradowa köçesiniň 21-nji jaýy («Lälezar» bazary).

«Şypaly Çomuç» dermanhanasy bilen habarlaşmaklyk üçin telefon belgiler: 286500, 285200.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň