Soňky habarlar

Arhiw

«Bossan concept» dükanlary 2021-nji ýyly üstünlikli tamamlaýar

11:0619.12.2021
0
4055

Ine, 2021-nji ýyl hem tamamlanyp barýar. Bu ýyl «Bossan concept» dükanlary üçin şatlykly wakalara baý, üstünlikli ýyllaryň biri boldy.

Şu ýylda paýtagtymyzdaky «Bossan concept» dükanlary ulgamynyň sany köpeldi: ozal bar bolan üç dükana ýene ikisi goşuldy.

Müşderilere bag, howly we öý üçin niýetlenilen ajaýyp mebelleri we esbaplary hödürleýän «Bossan concept» dükanlary ulgamynyň täze söwda ýerleriniň biri «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkeziniň ikinji gatynda ýerleşýän A-201 belgili dükanda açyldy.

«Bossan concept» dükanlary ulgamynyň ýene bir söwda ýeri – «Home concept» dükany Aşgabat şäheriniň Mollanepes köçesiniň 27-nji jaýynyň – «Dürdäneli» söwda merkeziniň (15-nji etap) ikinji gatynda açyldy. Täze açylan

«Home concept» dükany müşderilere içerä gelşik berýän, döwrebap öý-hojalyk önümlerini hödürleýär. Bu ýerden jaýyňyza gelşik berjek we döwrebaplaşdyrjak ähli öý-hojalyk harytlaryny – ajaýyp mebelleri, dokma önümlerini, owadan gap-gaçlary, dürli görnüşli yşyklandyryş enjamlaryny we esbaplary tapyp bilersiňiz.

«Bossan concept» dükanlary ýylyň dowamynda täze önümler bilen ýygy-ýygydan doldurylyp durulýar. Bu dükanlaryň geçginli harytlary «Real Touch» ýaly örän owadan açyk reňkli gül çemenleri, diwar gülleri (фитостены – diwar ösümligi, diwar gülleri), güldanlar, gülçyralar we gap-gaçlar ýaly öý hojalyk harytlarydyr. Bu harytlaryň dürli görnüşlerini «Bossan concept» dükanlary ulgamynyň web sahypasyndan islendik wagt tapyp bilersiňiz.

«Bossan concept» dükanlary Türkmenistanyň islendik sebitine örän amatly bahadan eltip berme hyzmatyny hem amala aşyrýar.

«Bossan concept» dükanynda dürli görnüşli süýjülikleri – desertleri (десерт – naharyň soňundan iýlip-içilýän miwe ýa-da süýji zat) hödürlemeklik maksady bilen, «Bossan Coffee Garden» atly kiçiräk naharhana döredildi. Bu naharhananyň ajaýyp tagamlary şu güne çenli bu ýere gelýänleriň göwnünden turdy. «Bossan concept» dükanynda ýerleşýän «Bossan Coffee Garden» naharhanasyna baryp, islendik wagt nusgawy tagamlary – medowik, makaron, peýnir, şeýle hem süýjülikleriň esasy görnüşini «içi şokoladly süýjülik sebetlerini» sargyt edip bilersiňiz.

Häzirki wagtda «Bossan concept» dükanlarynda Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk möwsümi başlandy: bu möwsüm Täze ýyl baýramçylygyna jogapkärçilik bilen doly taýýarlanmaga borçly edýär. «Bossan concept» dükanlarynda arçalar, ajaýyp bezeg oýnawaçlary, Aýazbaba we dürli ululykdaky sugunlar (олень – sugun) – Täze ýyl baýramyny giň gerimli dabaralar bilen bellemeklik üçin niýetlenilen ähli harytlar bar. «Bossan concept» dükanlarynyň dizaýnerleri we maslahatçylary häzirki wagtda işleriniň iň gyzgalaňly döwrüni başdan geçirýärler. «Bossan concept» dükanlarynyň gapylary Täze ýyl baýramçylygy gününiň iň soňky müşderisine çenli açykdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň