«Gerekli» internet dükany 2021-nji ýylda müşderilerine ýatda galyjy hyzmatlary hödürledi

12:3417.12.2021
0
6520

«Gerekli» onlaýn söwda meýdançasy onlaýn söwda ulgamynda içerki bazaryň öňdebaryjy internet dükanlarynyň biridir. «Gerekli» internet dükany harytlaryň giň toplumyna – azyk önümlerine, elektron we hojalyk enjamlaryna, tämizleýji himiki serişdelerine, kanselýariýa harytlaryna, gözellik hem saglyk önümlerine, egin-eşiklere we çagalar üçin niýetlenilen esbaplara, öý we haýwanlar üçin harytlara iň amatly bahalary kepillendirýär.

«Gerekli» onlaýn söwda meýdançasy üçin geçen ýyl täzelikleriň we üstünlikleriň ýyly boldy. Bu internet dükan tarapyndan hödürlenýän önümleriň we haryt nyşanlarynyň görnüşiniň ep-esli köpelmegi, köpçülikleýin satuwlaryň has-da artmagy netijesinde «Gerekli» onlaýn söwda meýdançasynyň işgärler toparynyň düzümi hem artdy.

«Gerekli» internet dükanynda şu ýyl köp sanly täzeçe iş usullary – ýurdumyzyň islendik ýerine eltip berme hyzmatyny amala aşyrmaklyk, daşary ýurtlardan islän önümiňi sargyt etmeklik, gerekli.tm saýtyndan satyn alnan harytlaryň tölegini tölemeklik üçin bonus ballaryny ýygnamak ulgamy, bu web sahypada seslenme üçin 50 manatlyk kupan (купон – gymmat bahaly kagyzlaryň kesilip alynýan bölegi) ýaly hyzmatlar peýda boldy.

Onlaýn söhbetdeşligiň netijesinde alyjylar «Gerekli» önüm hojalyk jemgyýetiniň operatorlary bilen gönüden-göni aragatnaşyk gurup bilerler, şeýle hem olar öz halaýan önümleri we web sahypanyň hyzmatlary barada şahsy pikirlerini ýazyp, teswir galdyryp bilerler.

Bulardan başga-da, bu ýyl «Gerekli» internet dükanynda ilkinji gezek «Samsung» kompaniýasynyň «Samsung S21», «Samsung Galaxy Z Flip 3» we «Samsung Galaxy Z Fold 3» ýaly täze smartfonlary üçin deslapky sargyt funksiýasy – hyzmaty (функция – funksiýa, wezipe, borç, iş, hyzmat) işe girizildi. Bu ýeke-täk hyzmat müşderilere islendik önümi deslapky sargyt bilen bahasynyň 30 göterimini öňünden töläp, 2-4 hepdäniň içinde satyn almaga mümkinçilik berýär.

«Gerekli» onlaýn söwda meýdançasy 2021-nji ýylda müşderilerine üýtgeşik gymmatbaha sowgatlary sahylyk bilen eçildi: «Gerekli» önüm hojalyk jemgyýetiniň resmi web sahypasynda iki sany bäsleşik – «Samsung» kompaniýasynyň planşetlerini we flagmanlaryny utmaga mümkinçilik berýän baýrakly ýaryş geçirildi.

«Gerekli» önüm hojalyk jemgyýeti internet torunyň Instagram, TikTok, Facebook, Telegram we Imo ýaly aragatnaşyk ulgamlarynda hem resmi sahypasyny açdy. Munuň özi bolsa «Gerekli» önüm hojalyk jemgyýetiniň resmi web sahypasynda we ykjam programmasynda bellige alnan ulanyjylarynyň sanynyň ep-esli artmagyna sebäp boldy.

Bulardan başga-da, «Gerekli» önüm hojalyk jemgyýeti ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň – «USAID»-iň «Onlaýn satyn al» («Buy Online», «Покупай онлайн».) maksatnamasyna gatnaşyjylaryň biri boldy.

«Gerekli» internet dükany ýurdumyzyň elektron habar beriş serişdeleri, mahabat we PR-agentlikleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

«Gerekli» onlaýn söwda meýdançasy 2022-nji ýylda önümleriniň görnüşini has-da giňeltmegi we telekeçiler bilen işewürlik hyzmatdaşlygyny artdyrmagy meýilleşdirýär. Täze ýylda müşderiler«Gerekli» internet dükanynyň täze aksiýaly önümlerine, baýrakly bäsleşiklerine we bonus programmalaryna, öňdebaryjy elektronika öndürijilerinden iň täze harytlary sargyt etmek mümkinçiligine garaşýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň