“Ýüpekçi-niň” şu ýylky üstünlikleri: täze önümçilik we halkara şertnamalary

12:5915.12.2021
0
8713

“Ýüpekçi” hojalyk jemgyýeti 2015-nji ýyldan bäri gazly suw önümçiliginde Türkmenistanyň öňdebaryjy kärhanalarynyň biri hasap edilýär. Onuň önümlerine zirk tagamly “Bold”, “Ýedigen”, “Näzli” “Hoşal” ýaly miwe şireli içgileri, dürli hili miweli “Buzz” çaýlary we beýleki içgi suwlary degişlidir.

Bu ýylda hem “Ýüpekçi” öz muşdaklaryny tropik miweleriň tagamyny berýän “Bold City Edition” hem-de ýandak tagamly “Bold Wild Edition”, şeýle-de “Bulwar” mineral suwy ýaly içgileri bilen begendirdi.

Şonuň bilen birlikde, 2021-nji ýylda kärhana içgileriniň tagamyna ýokary baha berýän Täjigistan döwletine önümlerini eksport etmek bilen bagly şertnamany baglaşdy.

Hojalyk jemgyýeti öz ýeten derejelerini we gazanan üstünliklerini Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mart we sentýabr aýlarynda Aşgabatda geçiren sergisinde köpçülige tanyşdyrdy, şeýle-de FSSC22000 we ISO9000 hilli halkara derejesine eýe bolan sertifikatlara mynasyp boldy.

Indiki ýylda-da kärhana önümçiliginiň gerimini giňeltmegi, iň bir isleg bildirilýän içgi görnüşleriniň içerki bazarlardaky üpjünçiligini hem-de daşarky eksport mümkinçilikleri esasynda şertnamalary ýola goýmagy maksat edinip, önümçilik mukdaryny artdyrmagy meýilleşdirýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň