Soňky habarlar

Arhiw

«Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti tropiki miwe tagamly täze «Bold Wild Edition» içgisi bilen tanyşdyrýar

15:4023.09.2021
0
6901

«Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti täze önümini – tropiki miwe tagamly «Bold Wild Edition» içgisini hödürleýär.

Ekzotik miweleriň – mangonyň, papaýanyň, bananyň tagamlaryny özünde jemleýän açyk güneşli içgi özüne çekiji ýakymly tagamy we toniki witamin goşundylary sebäpli köp işleýän işjeň adamlary özüne çeker.

Ýylyň sowuk möwsüminde «Bold Wild Edition» içgisiniň tagamy we onuň «güneşe» meňzeş açyk reňki tomus paslyny ýadyňa salýar.

«Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti ýaňy-ýakynda-da özüniň täze önümi – ýandak tagamly «Bold Wild Edition» içgisi bilen köp görnüşli «Bold» içgileriniň sanyny artdyrdy. Ýandak köp peýdaly häsiýetlere eýe bolan ösümlik. Hut şu nukdaýnazardan-da, ýandak tagamly «Bold Wild Edition» içgisi düýbünden özboluşlydyr we oňa meňzeş şerbet asla ýokdur.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň