Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2021: «Ahal» «Köpetdag» bilen deňme-deň oýnap, çempion bolmak mümkinçiligini ýitirdi

21:0013.12.2021
0
3721

12-nji tapgyrda ýaryş tertibinde ikinji basgançagy eýeleýän “Ahal” topary “Köpetdag” bilen geçiren duşuşygyny 2:2 hasabynda deňlikde tamamlady. Bu duşuşykda toparlaryň derwezesine salnan soňky gollar öz oýunçylary tarapyndan geçirildi. Şeýlelikde, toparlar bir utuk gazandylar. “Köpetdag” 15 utuk bilen “Merwden” bir utuk yzda barýar. “Ahal” toparynda 23 utuk bar.

“Ahal” – “Köpetdag” – 2:2

Gollar: 47 Meýlis Diniýew, 90+7 Bagtyýar Gürgenow, öz derwezesine (“Ahal”) – 39 Ýazgylyç Gurbanow, 80 Şöhrat Söýünow, öz derwezesine (“Köpetdag”)

Duýduryşlar: 69 Selim Nurmyradow (“Ahal”) –83 Döwletýar Berdiýew (“Köpetdag”)

Meýdandan çykarylan: 69 Elýas Akyýew (“Köpetdag”)

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.) .

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň