«Nestle» kompaniýasy «L'Orealdaky» paýnamalaryny satdy

14:4909.12.2021
0
504
«Nestle» kompaniýasy «L'Orealdaky» paýnamalaryny satdy

«INTERFAX.RU» habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, Şweýsariýanyň azyk önümlerini öndüriji Nestle SA kompaniýasy L'Oreal SA kompaniýasyndaky öz paýnamalarynyň 8,9 milliard ýewro (9,3 milliard şweýsar franky) satmak barada geleşik baglaşdy. Geleşige görä, Nestle bu fransuz gözellik serişdeleri kärhanasynyň 22,26 million sany gymmatbaha kagyzynyň her birini 400 ýewrodan satar.

Netijede, Nestleniň bu fransuz kompaniýasyndaky bukjasy 23,3 göterim bolmagyndan 20,1 göterime çenli kemeler. Şweýsar kompaniýasy ady tutulan fransuz önümçilikçisindäki paýyny 2014-nji ýyldan bäri ilkinji gezek azaldýar.

Nestle fransuzlaryň L'Oreal kompaniýasynyň direktorlar geňeşinde öz iki wekilini saklap galar.

Şol bir wagtda L'Orealyň direktorlar geňeşi geljek ýyllarda buyback atly täze maksatnamanyň çäklerinde öz paýnamalaryny yzyna satyn alyp, maliýe garaşsyzlygyny gazanmak isleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň