Soňky habarlar

Arhiw

Milli senenamamyzda uly çille döwri başlanýar

15:3807.12.2021
0
2002

Milli senenama boýunça dekabr aýynyň 7-sinde gara gyş döwri tamamlanyp, 8-nji dekabrdan uly çille başlanýar. Çille — bu pars dilindäki «çil» sözi bilen baglanyşykly bolup, ol «kyrk» diýen manyny aňladýar. Şeýlelikde, ol kyrk gün dowam edýär we gyşyň örküji hasaplanýar. Dogrudan-da, 8-nji dekabrdan 17-nji ýanwara çenli aralykda aýazly, sowuk günleriň köp bolýandygy hemmä belli hakykat. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde çap edilen makalada aýdylýar.

«Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýlişi ýaly, bu döwürde ätiýajy elden bermeli däl. Her pursatda gyşyň gar-ýagşyna, şatlama aýazyna taýýar bolmaly. Maldarlaryň arasynda «Dokuzyň üçe ýetermi?» diýen bir söz bar. Ýagny dokuz aýlap ýygnan ot-çöpüň üç aý gyşa ýetse, onda seniň ýagdaýyň gowulygy hasaplanypdyr. Şeýle çopanlar bakýan mallaryny gyşdan dok we tükel alyp çykyp bilipdirler.

Çopanlar gyş pasly doly gutarýança ätiýajy elden berenoklar. Sebäbi uly çille gutarandan soň gelýän kiçi çilläni-de ata-babalarymyz gazaply hasaplapdyrlar. Uly çille bilen baglanyşykly birnäçe edim-gylymlar, däp-dessurlardyr ynançlar hem döräpdir. «Çillede suw içen üzüm hiç haçan suwsamazmyş», «Uly çillede gan hem bolsaň diňme, kiçi çillede balam bolsaň damma!» diýen aýtgylar özünde iňňän giň manylary jemleýär. «Ýalaňaja — ýaz ýagşy» diýlişi ýaly, howanyň gyşda maýyl bolmagy hernäçe gowy görünse-de, ata-babalarymyz «Gyşy gyşsyramadygyň ýazy ýaz bolmaz» diýmek bilen, gyşyň aýazly, sowuk günleriniň peýdasynyň bardygyny-da ünsden düşürmändirler. Aýazly günlerde zyýanly mör-möjekleriň gyrylýandygy hemmä belli hakykat. Hut şonuň üçin-de halkymyz «Ak iner çökmese, gara ýer gaýmaz» diýmek bilen, ýagyşdyr garyň topraga näderejede zerurdygyny hem ýatladypdyrlar. Diýmek, özüniň ak gary bilen aklyk paýlap gelýän uly çille berekediň gönezligidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň