Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda ýaşlaryň durmuşyndan täze eser sahnalaşdyryldy

18:3904.12.2021
0
1214

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry «Ýürek telwasy» atly, täze aýdym-sazly sahna oýnuny sahnalaşdyrdy. Onda teatryň artistleri, balet tans toparynyň tansçylary çykyş edýärler. Oýnuň edebi esasyny Batyr Batyrow ýazdy diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

Sahna oýnunyň mazmunyna laýyklykda: Bägül atly ýaş suratçy gyz täsirli nakgaş eserini döretmek üçin oba gelýär. Obanyň gözel keşbi ony özüne bendi edýär. Bägül bu obanyň gözel ýerleriniň suratyny çekýär.

Ýaşlygyndan obadan şähere süýt satmaga gatnaýan Daýanç diýen oglan onuň eserlerini görüp, gyzyň zehinine haýran galýar. Bägüliň özi hem onuň göwnüne ýaraýar.

Oba oglany nakgaş gyzyň köňlüni awlamagy başarýar. Olaryň ikisi hem yşka düşýärler. Şeýlelikde şäherli gyz oba oglanyna göwün berýär.

Bägüliň ejesi gyzyny «süýtçi» oglandan daşlaşdyrmak isleýär. Daýanjyň ejesi bolsa ogluny Aýna atly gyza öýermek isleýär.

Daýanç döwrebap tehnologiýaly dürli süýt önümlerini öndürýän kärhana açýar. Ol kärhananyň netijeliligini ýokarlandyrýar, gyz bolsa öz işleriniň sergisini gurap, has-da meşhurlyga eýe bolýar.

Oýnuň jemlemesi ýaşlaryň öz bagtlaryna gowuşmagy bilen tamamlanýar. Bu spektaklda režissýor Döwran Saryýewiň, kompozitor Hudaýnazar Amangeldiýewiň, hudožnik Perman Döwletowyň, geňeşçi halypa — Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aýnazar Batyrowyň we beýlekileriň tagallalary bilen sahna oýny teatr möwsüminde ilkinjileriň hatarynda tomaşaçylara görkeziler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Leýlisaç» atly aýdymynyň sazy «Ýürek telwasy» atly aýdym-sazly sahna oýnuny has-da özüneçekiji edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň