Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýolötenli gurluşykçy öýünde bagşylar muzeýini döretdi

10:3702.12.2021
0
1839

Ýolöten şäheriniň ýaşaýjysy Italmaz Ýagmyrowyň derwezesi «Türkmen bagşylarynyň muzeýi» diýlen ýazgyly öýüň myhmansyz güni ýok diýen ýaly. Bu ýere gelýänleriň aglabasy bolsa bagşy-sazandalar, saz sungatynyň muşdaklarydyr medeniýet işgärleri. Türkmenistanyň dürli künjeginden täsin we baý muzeýi idäp gelýänler bu ýerde diňläre, öwrenere gyzykly zatlary tapýarlar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

1941-nji ýylda Ýolöten etrabynyň Talhatan şäherçesinde doglan Italmazyň dutaryň owazyndan gulagy ir gandy. Kakasy, bagşy-sazandalaryň ýakyn dosty Hojam Ýagmyrowyň öýüne şol döwrüň belli sungat ussatlary kän gezek myhman bolupdyr.

1970-nji ýylda şol wagtky Türkmen döwlet politehniki institutynyň gurluşyk bölümini tamamlan Italmaz Ýagmyrow Türkmen döwlet uniwersitetiniň uçurymy bolan Ýazbibi Ýagmyrowa bilen durmuş gurýar. Türkmen aýdym-sazlarynyň söýlüp diňlenilýän, bagşy-sazandalara çuň sarpa goýulýan ojaklarda önüp-ösen ýaş çatynjalaryň öz guran ojaklary hem bu jadyly sungata baglanýar. Italmaz ýakyn dosty, meşhur fotožurnalist Sapargeldi Rozyýewiň maslahaty hem goldawy bilen öýünde aýdym-saz muzeýini esaslandyrdy. Sapargeldi halypanyň sowgat beren suratlary bu muzeýiň ilkinji eksponatlary boldy.

1970-nji ýylda öýlerinde aýdym-saz muzeýini esaslandyran gurluşykçy Italmaz we mugallym Ýazbibi Ýagmyrowlaryň maşgalasy bu sogaply hem haýyrly işe bütin ömürlerini bagyşladylar. Ýyllar geçdigiçe, Ýagmyrowlaryň örüsi-de, öý muzeýleri-de barha giňedi. Bagşyçylyk sungatynda salyr-saryk ýolundan başlanan gözlegler giňäp, ahal, damana, çowdur, ýomut-gökleň, ärsary we etrek-gürgen ýollarynyň görnükli wekilleri hem muzeýe «girip gitdiler».

Muzeýiň meşhurlygynyň artmagy bilen, onuň hemaýatçylary hem köpeldi. Bagşy-sazandalaryň özleri, belli bagşylaryň muşdaklary wideoýazgylary, suratlary getirip başladylar, muzeýiň öz içinde-de ençeme bagşylaryň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazlar ýazgy edildi.

Başda muzeýe öýüň bir otagy berlen bolsa, häzir Ýagmyrowlaryň tutuş maşgalasy muzeýiň içinde ýaşaýar. Ähli otaglarda bagşy-sazandalaryň suratkeşlere çekdirilen suratlary hem-de fotoportretleri asylan. Olaryň sany 500-den geçýär. 1970-nji ýyldan bäri toplanan audiokassetalaryň 600-si bar. Belli bagşylaryň 500-den gowrak wideoýazgysy, köne gramplastinkalar, bagşy-sazandalaryň bagşyçylyk ýollary, halypa-şägirtlik hakynda ýazgylar toplumlarynyň

40-sy, olaryň dürli çärelerde alnan suratlarynyň albomlary, meşhur bagşylaryň ulanan dutarlary we beýleki saz gurallary, sungat ussatlary barada çap edilen makalalaryň toplumlary bar.

Türkmengalada sazanda Durdy Myradowyň, Daşoguzda bagşy Magtymguly Garlyýewiň Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan hasaba alnan muzeýleriniň bardygyny bilýäris. Italmaz we Ýazbibi Ýagmyrowlaryň ömürlerini bagyş eden, megerem, ýurtda ýeke-täk bolan aýdym-saz ugurly öý muzeýi hem hasaba alynmaga-da, hemaýat berilmäge-de mynasyp.

Ömrüniň ahyryna çenli Ýolöten şäherindäki 1-nji orta mekdepde türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işlän Ýazbibi Ýagmyrowanyň 2005-nji ýylda çap bolan «Köňül nagşy» atly goşgular kitabynda hem türkmeniň belli aýdym-saz ussatlaryna bagyşlanan ençeme ajaýyp goşgular bar. Sungata halal hyzmat eden Italmaz Ýagmyrow ençeme döwlet sylaglarynyň eýesi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň