Türkmen futbolçylary ilkinji gezek Arkalaşygyň Kubogynda russiýalylardan öňe geçdiler

22:1423.01.2015
0
4533

Sankt-Peterburg, 23-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Arkalaşygyň Kubogy ugrundaky XXIII ýaryşyň altynjy oýun güni toparlaryň garşydaşyň derwezesine ünsüniň peselendigi bilen alamatlandy. Eger toparçalaýyn tapgyryň netijeleri boýunça her duşuşykdaky netijelilik ortaça 2.22 (18 duşuşykda 40 pökgi geçirildi) bolan bolsa çärýek final oýunlaryndan soň ýagdaý üýtgedi. Bu tapgyrda toparlaryň sekizisine bary ýogy 7 pökgiden düşdi. Şunlukda diňe Türkmenistanyň we GAR-yň hüjümçilerine iki gezek tapawutlanmak başartdy. Özem afrikaly futbolçylar 2:0 hasabynda Nikolaý Piserawiň ýolbaşçylygyndaky russiýaly ýaşlary ýeňlişe sezewar etdiler.

Ýaryşda iň netijeli hüjümçi bolmak ugrundaky bäsdeşlik hem pes derejede barýar. Häzirlikçe bu sanawda “Zenitiň” wekili Alekseý Ýewseýew öňde barýar. Onuň yzyndan ýetmäge hersi iki pökgiden geçiren 9 futbolçynyň mümkinçiligi bar. Olaryň arasynda ildeşlerimiz Selim Nurmyradowyň, Gurban Annaýewiň, Güýçmyrat Annagulyýewiň bolmagy guwandyrýar.

Maglumat toplamagy halaýanlara çärýek final duşuşyklarynyň netijelerini hödürleýäris.

Arkalaşygyň Kubogy — 2015. 19-nji duşuşyk (1/4 final), 6-njy oýun güni.

BELARUS — GAZAGYSTAN — 1:1 (0:0) 11 metrlik urgularyň netijesi boýunça 3:1

21-nji ýanwar, 2015-nji ýyl, Sankt-Peterburg Sport-konsert toplumy 350 tomaşaçy. 

Eminler: Nikolaý Woloşin, Wselolod Žarikow, Pawel Ýewstafiadi.

Belarus: Waselýuçek, Şestilowski, Ýablonski (k) (Žuk, 68), Ýançenko (Klimowiç, 67), Lebedew (Zeleski, 80), Çernyşow (Ýaroski, 62), Ýewdokimow, Karpowiç (Zolotow, 71), Poznýak, Milewski (Teslýuk, 46), Zinowiç (Ignatenko, 46).

Baş tälimçi: Igor Kowalewiç.

Gazagystan: Pawlow, Aslan (k), Sartakow, Rudoselski, Jalilow, Tungyşbaýew, Şaihow, Tuliýew, Aýmbetow, Haýrullin (Suleý, 71), Rodionow (Sariýew, 46).

Baş tälimçi: Saulýus Şirmýalis.

Pökgüleri geçirenler: Jalilow (64), Ýaroski (78).

Duýduryş alanlar: Tungyşbaýew (67), Jalilow (76), Poznýak (80).

Iň gowy oýunçylar: Ýaroslaw Ýaroski, Erkebulan Tungyşbaýew.

Arkalaşygyň Kubogy — 2015. 20-nji duşuşyk (1/4 final), 6-njy oýun güni.

RUSSIÝA — GAR — 0:2 (0:0)

21-nji ýanwar, 2015-nji ýyl, Sankt-Peterburg Sport-konsert toplumy 2500 tomaşaçy. 

Eminler: Ýewgeni Turbin, Sergeý Karunenko, Ýuriý Ýaruşkin.

Russiýa: Lantratow, Žiwoglýadow, Kirisow (Ýaşşuk, 53), Owsýanikow, Guliýew (Margunow, 53), Bukiýa (k), Makarow, Hojanyýazow, Kurzenew (Ýewseýew, 46), Kozlow.

Baş tälimçi: Nikolaý Pisarew.

GAR: Msibi, Seriba, Matabela, Madişa (k), Leýepile (Buikanýu, 90), Modiba, Farmer, Masiýa (Monamudi, 90), Lýuthuli, Domingu (Ngobo, 46), Lorensu (Maraýsane, 46).

Baş tälimçi: Dewid Notuani.

Pökgüleri geçirenler: Maraýsane (50), Lýuthuli (55).

Duýduryş alan: Seriba (15).

Iň gowy oýunçylar: Sibonýesini Msibi, Temuri Bukiýa.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň