Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Eýranyň Daşary işler ministrleriniň arasynda duşuşyk geçirildi

10:0227.11.2021
0
517

2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň YHG-nyň Ministrler Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mehdi Safari bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada TDIM-niň resmi web saýtynda habar berildi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda medeni-ynsanperwerlik ugry boýunça özara hereketleriň has hem işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy beýan edildi.

R.Meredow we M.Safari şeýle-de sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän derwaýys meselelerine hem aýratyn üns berdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň