Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen filmleri Belarusda geçirilýän halkara kinofestiwalynda görkezler

18:0424.11.2021
0
1021

Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde geçirilýän «Листопад» XXVII halkara kinofestiwaly öz işine başlady. Festiwalyň çäklerinde Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Gruziýanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň milli kinostudiýalarynyň mejlisi geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berilýär.

«Kino – agzybirligiň simfoniýasy» şygary astynda geçýän festiwala gatnaşýan ýurtlaryň wekilleri bu ugurda alnyp barylýan işleri barada çykyş etdiler. 22-nji noýabrda bolan tegelek stoluň başyndaky gürrüňdeşlikde kinostudiýalaryň ýolbaşçylary bilelikdäki kinotaslamalaryň geljegi, GDA agza ýurtlarda kino düşürmegi guramak we aktýorlar barada maglumatlaryň bütewi goruny döretmek barada özara pikir alyşdylar.

GDA ýurtlarynyň milli kinostudiýalarynyň gazananlary bilen tanşyp, duşuşyga gatnaşanlar häzirki döwrüň kinosynyň syýasy, ruhy we medeni giňişlikde nähili bolmalydygy temasyna degip geçdiler. Soňky ýyllarda kino dünýäsinde uly özgertmeler boldy. Diňe bir tomaşaçylar däl, eýsem, Minsk halkara kinofestiwalyna gatnaşýanlar-da GDA ýurtlarynyň kinoprokatynyň täzelikleri bilen tanşyp bilerler.

«Листопад» kinofestiwaly 26-njy noýabra çenli dowam eder, festiwala 45 ýurtdan filmler hödürlendi.

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen «Durmuş kyssalary» çeper filmi we «Dutaryň owazy» dokumental filmi halkara festiwala gatnaşyjylara görkeziler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň