TÝL ― 2021: «Ahal» «Merw» bilen bolan duşuşykda utuk ýitirdi

17:4519.11.2021
0
3878

«Ahalyň» futbolçylary Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 7-nji tapgyrynda myhmançylykda «Merw» bilen deňme-deň oýnadylar.

Mary şäherinde geçirilen duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Arslanmyrat Amanow duşuşygyň 3-nji minudynda 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanyp, «Ahaly» hasapda öňe çykaran hem bolsa, «Merw» 88-nji minutda Amangeldi Saparowyň geçiren goly bilen hasaby deňledi.

Dört tapgyrlyk yzygiderli ýeňşine nokat goýmaly bolan «Ahal» birinji aýlawy 17 utuk bilen tamamlady. «Merw» bolsa 6 utuk bilen ýaryş tertibiniň ýedinji basgançagyna düşdi.

“Merw” – “Ahal” – 1:1
Gollar: 88 Amangeldi Saparow (“Merw”) – 3 Arslanmyrat Amanow (11 m.j.u.) (“Ahal”)
Duýduryşlar: 31 Maksat Atagarryýew, 84 Mukam Nazzyýew (“Merw”) – 12 Ybraýym Mämmedow, 28 Abdy Bäşimow, 77 Hoşgeldi Hojowow (“Ahal”)
Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Mary ş.)
Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), E.Annamyradow (Balkanabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Ýolöten ş.)
Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)
Duşuşygyň komissary: G.Kanaýew (Aşgabat ş.)

Ýaryş tertibi:

T/b

Toparlar

O

Ý

D

U

T

U

1.

«Ahal»

7

5

2

0

17-5

17

2.

«Altyn Asyr»

7

5

0

2

15-11

15

3.

«Şagadam»

7

4

2

1

15-10

14

4.

«Köpetdag»

7

1

4

2

11-11

7

5.

«Nebitçi»

7

1

3

3

3-7

6

6.

«Aşgabat»

7

1

3

3

8-11

6

7.

«Merw»

7

1

3

3

11-15

6

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň