Soňky habarlar

Arhiw

TNGIZT eksporta gönükdirilen önümleriniň görnüşlerini köpeldýär

23:0516.11.2021
0
789

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýurdumyza daşarky bazarlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Şol önümleriň hatarynda awtoulaglar üçin niýetlenen ýarym sintetiki çalgy ýaglary, gämiler üçin niýetlenen ýangyç, azyk, saglygy goraýyş, senagat önümlerini gaplamak we bezeg işleri üçin niýetlenen alýumin çaýylan polipropilen örtügi bar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Nebitgaz senagatynyň kuwwatyny netijeli ulanmak bu ugurda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň esasy ugry bolup durýar.

Häzir Türkmenistan energiýa serişdelerini öndürmek hem-de daşary döwletlere ibermek bilen çäklenmän, eýsem, dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan önümleriň eksportyny hem ýylsaýyn artdyrýar. Şunda tebigy gazyň gaýtadan işlenilmegine hem-de täze önümleriň öndürilmegine uly ähmiýet berilýär diýip, milletiň Lideri döwlete degişli däl pudagyň wekillerini bu işe çekmek bilen, olaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy tabşyrdy. Wise-premýere bellenilen meýilnamalary iş ýüzünde amala aşyrmak meselelerini hemişe üns merkezinde saklamak barada tabşyryk berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň