Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Eýranyň medeni ulgamdaky hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

10:0714.11.2021
0
9455

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň binasynda Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyndaky Medeniýet merkeziniň başlygy Nawid Rasuli bilen institutyň müdiri Dawut Orazsähedowiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” internet neşiri habar berýär.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlykda mümkin bolan gatnaşyklary we ony täze derejelere çykarmagy ara alyp maslahatlaşdylar.

“Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda köpsanly arap, pars hem-de türki dilli golýazmalaryň saklanýandygy Türkmenistanyň arasyndaky berk taryhy-medeni gatnaşyklaryň bolandygyna şaýatlyk edýär” – diýip, Nawid Rasuli belledi.

Attaşe institut bilen Eýranyň Milli kitaphanasynyň ýa-da Golýazmalar boýunça bilelikde işlemek üçin Kitaphanalary, muzeýleri we resminamalary guramak merkeziniň arasynda şertnama baglaşmagy teklip etdi.

Ol bu gymmatly resminamalaryň öwrenilmegi we neşir edilmegi iki ýurduň arasynda bilimleri alyşmaga we medeni hyzmatdaşlygy giňeltmäge kömek eder diýip nygtady.

Dawut Orazsähedow hem öz gezeginde institutyň ylmy we medeni maslahatlary guramak üçin Eýranyň Aşgabatdaky medeni merkezi bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdi.

Şeýle-de okaň:
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň