Turkmenportal logo
10.11.21
17501750
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow türkiýeli kärdeşi Mewlýut Çawuşoglu bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Türki geňeşiň 8-nji sammitine taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy. Sammiti 12-nji noýabrda Stambulda geçirmek meýilleşdirilýär.


Türkmenistanyň sammite ilkinji gezek synçy derejesinde gatnaşar.


Türki geňeş (Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi) 2009-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda esaslandyryldy. Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkiýe guramanyň agzalarydyr. Wengriýa Geňeşe synçy derejesinde gatnaşýar.


12-nji noýabrda Stambulda guramanyň Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň kabul etjek sammitinde Türki geňeşde başlyklyk Azerbaýjandan Türkiýä geçiriler. Mundan başga-da, sammitde guramanyň adyny Türki dilli döwletleriň guramasy diýip üýtgetmek meýilleşdirilýär.