Turkmenportal logo
Şu gün 13:11
264264
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Çagalara smartfon ulandyrmak: ene-atalara peýdaly maslahatlar

Durmuşyň esasyny düzýän maşgalada köplenç ähmiýet berilmeýän ýagdaýlar bolýar. Esasanam, çagany dogry terbiýelemek bilen bagly: mysal üçin, çaganyň gödek sözleri öwrenmegi, ene-atasynyň diýenini etmezligi, erbet adamlara öýkünmegi, ýaramaz endiklere ýakynlaşmagy, ukysyny kadaly almazlygy, okuw sapaklaryna ýetişiginiň peselmegi... Bu sanawyň üstüni ýene köp mysal bilen ýetirip bolardy. Käbir adamlar çaganyň bu hereketlerini «Çagadyr-da, zyýany ýok, akyllanar-da...», «Barýarka öwrener-dä...» diýen ýaly arkaýynlyga salýan düşünjeler bilen kabul edýärler. Aslynda, çaga şol wagt geljekki özüni döredýär. Özüne ýol saýlaýar. Bu düzedip, öňüni alyp bolýan mesele bolsa-da, ene-atalar tarapyndan köp aladany talap edýär.

Çaganyň terbiýesiz ulalmagynda esasy müşgillik — onuň özüni alyp barşyna, gün tertibine ýeterlik derejede ähmiýet berilmeýändigidir. Hatda «...Çagany ýaşdan» diýýän türkmeniň durmuşynda asylly ýörelge bolup gelen milli terbiýeçilik ýörelgeler-de globallaşýan häzirki dünýä şertleri, sosial media platformalarynyň täsiri, esasanam, iň dessin ýaýraýan şeýle täsirlere sezewar bolan ýaş nesliň birek-birek bilen ýygy gatnaşygy netijesinde örän uly üns bermegi talap edýär. Çünki daş-töweregiň täsiri çagalaryň kämilleşmeginde örän uly orna eýedir. Ol täsir nähili bolsa, çaga-da şonuň ýaly bolup ýetişýär.

Soňky onýyllykda maglumat tehnologiýalarynyň kosmiki tizlik bilen ösüşi adamzat durmuşynyň ähli ugurlaryna, şol sanda çagalaryň terbiýesine hem güýçli täsir etdi. Häzirki wagtda smartfonlar we beýleki enjamlar diňe bir uly ýaşlylaryň däl, eýsem, mekdep ýaşyna ýetmedik çagalaryň hem gündelik ulanýan zadyna öwrüldi. Ene-atalaryň köpüsi çagalarynyň ir ýaşdan tehnologiýa bilen dostlaşmagyny döwrebaplyk hökmünde görýär, ýene birleri bolsa bu ýagdaýyň saglyga we ruhy ösüşe ýetirýän täsirleri zerarly örän uly alada galýarlar. Biziň köpimiziň göz ýetiren hakykatymyz, eýýäm soňky ýyllaryň görkezişi ýaly, sanly enjamlary kadaly ulanmazlygyň fiziki, psihiki, sosial taýdan ýaramaz täsirlere getirýändigi. Iň bärkisi, bu meselede köplere mälim bolan ýagdaý — çaganyň görüşiniň peselmegi.

Statistika maglumatlaryna görä, dünýä boýunça 6 — 10 ýaş aralygyndaky çagalaryň 75 %-den gowragy gündelik smartfon ýa planşet ulanýar. Şäher ýerlerinde bu görkeziji hasam ýokary bolup, käbir ýurtlarda 90 göterime çenli ýetýär. Türkmenistanda hem soňky ýyllarda hojalyklarda internete elýeterliligiň örän artmagy, bir tarapdan durmuşymyzy görnetin ýeňilleşdirse-de, beýleki tarapdan çagalaryň enjamlara bolan gyzyklanmasyna gözegçilik etmek jogapkärçiligimizi hem artdyrdy.

Çaga smartfon bermek — çylşyrymly dilemma

Eger oňyn mümkinçilikleri barada aýdylanda, smartfonlar häzirki wagtda çagalaryň durmuşynda möhüm orny eýeleýän gural bolup hyzmat edýär. Ilki bilen bellemeli zat — olar bilim çeşmesidir. Onlaýn okuw platformalary, elektron kitaplar, interaktiw bilim programmalary çagalaryň bilim-başarnyklaryny kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Pandemiýa döwründe uzak aralykdan guralan okuw tejribesi gajetleriň bilim ulgamyndaky ornuny has-da artdyrdy. Bu gajetlerden peýdalanmak ulular bilen birlikde, çagalaryň hem endigine öwrüldi.

Muňa garamazdan, olar diňe bilim üçin däl-de, wagtyňy boşa sarp etmäge mejbur edýän güýmenjeler üçinem ulanylýar. Wideooýunlar, multfilmler, sosial torlar çagalaryň wagtynyň uly bölegini alýar. Ine, esasy mesele şunda. Hut şu ýagdaýda ene-atalaryň gözegçiligi aýratyn möhümdir.

Statistik maglumatlar we barlaglar

Çaga terbiýesini öwrenmekde köptaraplaýyn işleri alyp barýan, tejribeli hünärmenleridir hyzmatdaşlyk edýän bilermenleri bilen netijeli çözgütleri çykarýan Halkara guramalaryň berýän maglumatlary ene-atalar üçin çuňňur pikirlenmäge esas bolup bilse gerek:

- ÝUNISEF-iň hasabatyna görä, dünýä boýunça çagalaryň 60 — 65 %-i heniz 10 ýaşyna ýetmänkä gündelik smartfon ulanmaga endik edýär;

- Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy 5 ýaşa çenli çagalaryň günde ekranyň öňünde 1 sagatdan artyk oturmaly däldigini belleýär;

- «Pew Research Center» tarapyndan geçirilen barlagda ene-atalaryň 68 %-i çagalarynyň gajetlere çendenaşa bagly bolup barýandygyny aýdýar;

- «European Child Health Study-niň» maglumatlaryna görä, günde 4 sagatdan köp ekrana seredýän çagalarda ünsüň dargamagy 30 göterim ýokarydyr.

Sanly enjamlaryň saglyga ýetirýän täsiri

Lukmanlar we pediatrlar çagalaryň uzak wagtlap ekranyň öňünde oturmagynyň birnäçe fiziki meseleleri döredip biljekdigini aýdýarlar. Olar:

- Görüş ukybynyň peselmegi;

- Oňurga we boýun agyrylary;

- Hereketsizlik sebäpli döreýän semizlik;

- Uky bozulmalary we beýlekiler...

Ruhy tarapdan seredilende bolsa sanly enjamlara aşa bagly bolmak çagalaryň agressiwliginiň artmagyna, sosial taýdan köpçülikden çekilmä we depressiýa ýagdaýlarynyň döremegine sebäp bolup bilýär.

Çaga smartfon ulandyrmak barada psihologlaryň we pedagoglaryň pikirleri

Tanymal amerikan psihology Jin Twenj öz geçiren barlaglarynda çagalaryň irki ýaşlardan ekranlara bagly bolmagynyň emosional durnuksyzlyga we jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň gowşamagyna getirip bilýändigini nygtaýar. Pedagoglar bolsa gajetleriň doly gadagan edilmeginiň hem çözgüt däldigini, esasy meseläniň dogry balansy tapmaga ýardam etmekdedigini belleýärler.

Çagalaryň tehnologik enjamlary we interneti diňe güýmenje däl-de, eýsem, döredijilik we öwrenmek üçin serişde hökmünde ulanyp bilmegini gazanmak häzirki döwürde bu müşgillikli işde ene-atalaryň esasy üns bermeli zadydyr. Şunda gowy netije gazanmak üçin ene-atalaryň mugallymlar bilen hyzmatdaşlygy ýygy-ýygjam saklamagy zerurdyr.

Ene-atalara peýdaly maslahatlar

-         Çagalaryň sanly enjamlardan peýdalanýan wagtyny olaryň ýaşyna laýyklykda anyk kesgitlemek;

-         Gajetlerde ulanylýan programmalary we görülýän kontentleri gözegçilikde saklamak;

-         Gajetleri sylag ýa-da jeza hökmünde ulanmazlyk;

-         Çagalaryň fiziki işlere, sport bilen meşgullanmaga, janly oýunlary oýnamaga höweslendirmek;

-         Ene-atalaryň özleri hem çagalary üçin nusga bolmalydyr (çagalara görýän zatlary hem uly täsirini ýetirýär).

Türkmen jemgyýetinde çagalaryň terbiýesi elmydama milli däplere, ululara hormat goýmaklyga, zähmete we maşgala gymmatlyklaryna esaslanyp kämilleşdirilmelidir. Sanly enjamlar bu däpleriň hiç birisiniň hem ornuny asla tutmaly däldir. Tersine, olary goldaýan kömekçi gural hökmünde ulanylmalydyr.

Ene-atalar çagalary bilen mahal-mahal ýüzbe-ýüz gürrüňdeş bolup, olara kitap okamagy, milli oýunlary we däp-dessurlary öwretmegini hemişe dowam etdirmelidirler. Şunuň ýaly çemeleşme çagalaryň şahsyýet hökmünde akylly-başly kemala gelmegine düýpli ýardam berer.

Çagalara smartfon, planşet we beýleki gajetleri bermek meselesi häzirki döwrüň iň wajyp terbiýeçilik meseleleriniň biridir. Bu enjamlar dogry ulanylanda, çagalaryň bilim derejesini ýokarlandyryp biler, emma gözegçiliksiz ulanylanda bolsa saglyga we ruhy ösüşe zyýan ýetirip biler.

Esasy netije — olary kadaly, gözegçilikli we anyk oňyn maksatly ulandyrmakdyr. Türkmen jemgyýetiniň terbiýeçilik däplerini saklamak bilen, döwrebap tehnologiýalardan akylly peýdalanmak mümkin.

Peýdalanylan çeşmeler: unicef.org; who.int; pewresearch.org; aap.org