Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň esasy hökmünde bilimi kämilleşdirmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly tagallalar edilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz şeýle belleýär «Başymyzyň täjine deňeýän eziz Watanymyzyň berkararlygyny, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmek ýurdumyzda gazanylýan ajaýyp üstünlikleri ýaş nesillerimiziň aňyna ýetirmek, gujur-gaýratly, ylymly, bilimli, dörediji we gurujy ýaşlarymyzy belent maksatlara ruhlandyrmak ugrunda «mugallym» diýen belent ada mynasyp bolan watandaşlarymyzyň hyzmatyna uly hormat goýýarys».
Bu çuňňur mazmunly buýsandyryjy sözler pedagogik işgärleri hemişe döredijilik gözleginde bolmaga ruhlandyrýar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bilim ulgamyny has-da ösdürmek, kämil hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda okuw meýilnamalaryny kämilleşdirmek, esaslyk okuw maksatnamalary, okuw kitaplary hem-de gollanmalary bilen üpjün etmek, döwrebap usullary ulanmakda , milli professional sungatymyzda halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmekde özara tejribe alyşmak ýaly meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen 2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň 23-ne okuw usuly maslahaty geçirildi.
Okuw usuly-maslahatyna Arkadag şäheriniň hem-de Ahal, Balkan, Mary, Lebap, Daşoguz welaýatlarynyň orta hünär sazçylyk we sungat mekdepleriniň mugallymlary işjeň gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler “Okuw meýilnamalaryny kämilleşdirmeklige gönükdirilen meseleler”, “Okuw meýilnamalarynda saz-nazaryýet dersleriniň ähmiýeti”, “Okuw meýilnamalaryny döwrüň talabyna görä kämilleşdirmek”, “Okuw meýilnamalarynda tejribelik dersleriniň meseleleri”, “Ýörite sazçylyk we sungat mekdepleriniň okuw meýilnamalary boýunça teklipler we bellikler”, “Okuw meýilnamalary boýunça täze taslamalary hödürlemek” ýaly temalarda çykyşlar diňlenildi.
Bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän medeniýetimiziň, sungatymyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn.
Taýýarlan: Haýdarowa Ogulsona, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebiniň Sazyň taryhy we nazaryýeti bölüminiň mugallymy.