Turkmenportal logo
04.02.26
110574110574
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gyş döwrüne gabat gelen Oraza aýynda agyz beklemegiň aýratynlyklary

Mukaddes Oraza aýy musulman senenamasynyň dokuzynjy aýydyr, ruhy arassalanma we Beýik Biribara aýratyn ybadat edilýän döwürdir. Oraza aýy adamlara Allanyň ýörelgelerine hormat goýmagy öwredýär, olara öz erkini, sabyrlylygyny, seresaplygyny we arassa ahlagyny görkezmäge mümkinçilik döredýär. Yslam senenamasynyň özboluşly aýratynlyklarynyň biri – onuň Aýyň hereketine esaslanýandygydyr, şonuň üçin Oraza aýy her ýyl, takmynan, 10 gün ir başlaýar we ýylyň dürli wagtlarynda gabat gelip biler.

Oraza aýynyň gyşa gabat gelmeginiň artykmaçlyklary

Orazada tutuş bir aýyň dowamynda gündiz — ertir namazyndan agşamky azana çenli agyz beklenilýär. Bu döwür tomusda has uzyn, gyşda bolsa gysga bolýar. Şonuň üçin gyş aýlarynda agyz beklemegiň öz artykmaçlyklary bar: gündiziň gysga bolmagy iýip-içmekden saklanmak wagtynyň gysga bolmagyny şertlendirýär. Gyşda agyz beklemek has aňsat, sebäbi agşam ir düşýär — tomusda agzyň bekli bolmaly wagty 16-18 sagat dowam etse, gyşda 12-13 sagada çenli gysgalýar.

Agyz beklemegiň esasy ýörelgeleri

Oraza aýynda musulmanlar gündiz iýip-içmekden we çilim çekmekden saklanýarlar. Agyz beklenilýän wagt daň atanda başlaýar we Gün ýaşandan soň tamamlanýar. Gündiz musulmanlar diňe bir fiziki zerurlyklaryndan saklanmak bilen çäklenmän, eýsem, pikirlerine, sözlerine we hereketlerine hem üns bermelidirler.

Orazada özüňe erk edip, özüňi ahlakly alyp barmaly, ähli zatda kämilligiň täze derejelerine ýetmäge çalyşmaly we ýagşy işleri etmeli: garyndaşlaryňa we goňşularyňa ýagşylyk etmeli, kynçylyk çekýänlere kömek etmeli, maşgalaňy begendirmeli.

Dogry iýmitlenme: selälik we agzaçar

Orazada iki gezek nahary iýilýär – selälik (daň atmazdan öň iýilýän nahar) we agzaçar (agşamky iýmitlenme). Dogry iýmitlenmek günüň dowamynda energiýany saklamaga we saglyk bilen bagly meseleleriň öňüni almaga kömek edýär.

Selälik – agyz beklenilende kabul edilýän nahar

Howlukman iýmitlenmek üçin daň atmazdan bir ýarym-iki sagat öň oýanmaly. Selälik örän möhümdir, sebäbi ol bedeni tutuş günüň dowamynda energiýa bilen üpjün edýär.

Selälikde näme iýmek maslahat berilýär:

Düzüminde çylşyrymly uglewodlary saklaýan iýmitler – çörek, däneli naharlar, guradylan miweler, ter gök önümlerden işdäaçarlar. Çylşyrymly uglewodlar haýal siňýär we uzak wagtlap dokluk duýgusyny döredýär.

Däneli önümler – çylşyrymly uglewodlaryň esasy çeşmesidir, olar bedende haýal dargaýar we uzak wagtlap dokluk duýgusyny döredýär. Süle ýarmasy, greçka we däneli çörek peýdalydyr.

Belokly önümler – ýumurtga, dorog, balyk we et. Olar hem uglewodlar haýal siňýär we uzak wagtlap dokluk duýgusyny saklaýar.

Miweler we gök önümler, esasanam suwa baý bolanlary – hyýar, alma we banan. Selälikde miweleri we gök önümleri iýmek ýitirilen suwuklyklaryň we mikroelementleriň öwezini dolmaga kömek edýär hem-de iýmit siňdirişi gowulandyrýar.

Hurma we badam witaminlere we minerallara baý bolan önümlerdir.

Suwuň ähmiýeti

Agzaçar bilen seläligiň aralygy — günüň ýarysyndan hem gowrak wagtdyr, şonuň üçin, mümkin boldugyça köp suw içmek maslahat berilýär (azyndan 10 bulgur), esasanam yssy howada. Gyşda yssy howa beýle bir duýulmasa-da, ýeterlik suwuklyk kabul etmek möhümdir. Suwuň hemmesini birbada içmeli däl, bedeni tutuş gün üçin ýeterlik suw bilen üpjün etmek üçin ony birnäçe gezege bölmeli.

Selälikde nämeleri çäklendirmeli:

·        Duzly we konserwirlenen iýmitler — olar sizi suwsadar

·        Gowrulan iýmitler — olary siňdirmek kyn

·        Kofe we ​​ajy çaý — olar peşew bölüp çykaryjy häsiýete eýedir we bedende suwuň ýetmezçiligine getirip biler

·        Süýjülikler we ýönekeý uglewodlar — çalt siňýärler we açlyk duýgusyny döredýärler

Agzaçar – agşamky iýmit

Agzaçar Gün ýaşan badyna başlaýar. Gün ýaşandan soň nahar wagtyny has yza süýşürmek maslahat berilmeýär.

Agzaçar üçin maslahatlar:

Suw we biraz hurma bilen agyz açmak iň gowusydyr – bu Muhammet pygamberden (sallallahu aleýhi wesellem) gaýdýan däp.

Naharlanmagy gaty gyzgyn we gaty ýagly bolmadyk ýyly çorba bilen başlamak iň amatlysydyr.

Çorbadan soň, aşgazanyň dynç almagy üçin 5-10 minut arakesme etmek maslahat berilýär.

Esasy naharyň içinde gök önümler, däneli önümler we ýagsyz et ýa-da balyk bolmalydyr.

Aşa köp iýmekden gaça duruň.

Gyşky iýmitlenmäniň aýratynlyklary

Gyşda beden temperaturasyny durnukly saklamak has köp energiýany talap edýär. Şonuň üçin gyş döwrüne gabat gelen Oraza aýynda iýmitiňize ýyly tagamlary — çorbalary, ýarmalary we gaýnadylan gök önümleri goşmak aýratyn möhümdir. Gyzgyn iýmitler bedeniňizi gyzdyrmaga kömek edýär we sowuk möwsümde beden tarapyndan has gowy siňdirilýär.

Gyşda immuniteti goldamak üçin C witaminine baý önümleri (sitrus miweleri, kelem we gök ösümlikler), şeýle hem Gün şöhlesiniň gowşak bolýandygy üçin D witaminine baý önümleri iýmek hem peýdalydyr.

Kime agyz beklemezlige rugsat berilýär

Agyz beklemäge mümkinçiligi bolmadyklar, şol sanda gartaşan adamlar we hroniki keselleri bolan musulmanlar bu jogapkärçilikden boşadylýar. Şeýle hem göwreli we çaga emdirýän aýallar, syýahatçylar, agyr keselliler we kämillik ýaşyna ýetmedik çagalar agyz beklemeýärler. Aýallara saglyk ýagdaýlary sebäpli belli bir döwürlerde agyz beklemezlige rugsat berilýär, agyz beklenmedik günleriň öwezi soň dolunylýar.

Agyz beklemegiň ruhy ähmiýeti

Oraza diňe bir fiziki taýdan saklanmagyň däl, eýsem, ruhy taýdan ösüşiň hem wagtydyr. Oraza aýy hemme zady dindarlyk we ýagşylyk ruhy bilen gurşap alýar. Her bir musulman günälerden we ýaman işlerden mümkin boldugyça uzak durmak üçin tagalla edýär. Olaryň ýüreklerinde ýagşy işlere: garyplary iýmitlendirmäge we geýindirmäge, umytsyzlara kömek etmäge we ýamanlygy ýok etmäge bolan isleg artýar.

Gyşky Oraza aýy gündiziň gysga bolandygy sebäpli rahat agyz beklemek üçin aýratyn mümkinçilikleri hödürleýär. Iýmit meýilnamasyny dogry düzmek, ýeterlik suw içmek we deňagramly iýmitlenmek mukaddes aýyň dowamynda saglygy we energiýany saklamaga kömek eder. Ýatda saklamaly esasy zat, Oraza aýy diňe bir fiziki taýdan saklanmagyň däl, eýsem, ruhy kämilligiň, ýagşy işleriň, rehimdarlygyň we Beýik Biribara has-da ýakynlaşmagyň döwrüdir.